SOŇKY HABARLAR
AŞGABADYŇ TÄZE ÝYL ARÇASY – GDA ÝURTLARYNDAKYLARYŇ IŇ BELENDIDIR
?Älem» Medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň belentligi depesine gelşik berýän sekizburç ýyldyzy bilen 38 metrdir. Ol GDA ýurtlaryndakylardan iň belendidir. Azerbaýjanyň we Ermenistanyň paýtagtlarynda oturdylan Täze ýyl arçalary Aşgabat arçasyndan 1 metr pesdir. Özbegistanyňky – 3 metr, Belarusyňky- 8 m, Täjigistanyňky – 10 m, Russiýanyňky- 11 m, Gyrgyzystanyňky, Gazagystanyňky we Grusiýanyňky -13 metr keltedir. Ýurduň Baş arçasynyň yşyklaryny ýak...
ÝAŞAJYK ZEHINLERIŇ 56-SY GULBABA ADYNDAKY BAÝRAGA MYNASYP BOLDULAR
Aşgabatda Gulbaba adyndaky ýörüte çagalar baýragyny eýelänler mübäreklendi. Oňa ýurdumyzyň sebitleriniň ählisinden aň-paýhas we döredijilik bäsleşikleriniň, döwlet hem-de halkara derejeli ders olimpiadalarynyň we sport ýaryşlarynyň ýeňijileri bolan zehinli çagalaryň 56-sy mynasyp boldular. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde olara dabaraly ýagdaýda ýörüte diplomlar we gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Zehinli oglanjyklardyr gyzjagazlary olaryň şatlygyny paýlamaga SSE-sine ge...
RESMI HABAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbansoltan Amanowa Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, awtomobil ulagy, reňksiz aýna we pagta süýümi satyldy. Satyn alyjy ýurtlar: Birleşen Arap Emirlikleri, Irlandiýa we Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 32 million 493 müň dollaryndan gowrak boldy.
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2019-njy ýyldaky ilkinji hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisde mähriban halkymyzyň mundan beýläk hem abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy bilen bagly hem-de döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-prem...
TÜRKMEN RESTAWRATORLARY NAKGAŞLARYŇ IŞLERINI DIKELTDILER
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň fonduna Ahal we Daşoguz welaýat muzeýlerinden suratlaryň 109-sy getirildi. Ençeme ýyllaryň dowamynda oba ilatyny şekillendiriş sungaty bilen ýakyndan tanyşdyrmak üçin nakgaşlar döredijilik saparlaryna gidipdiler, olar suratlarynda oba durmuşyny, oba zähmetkeşleriniň portretlerini, manzarlary çekipdiler. Şol işleriň aglaba bölegi ýerlerde, ýöne, gynansagam, surat saklamak üçin degerli bolmadyk şertlerde saklanypdyr – diýip muzeýiň direktory, Türkmenistanyň sunga...
TÜRKMEN WEKILÝETI SAMARKANT ŞÄHERINDE GEÇIRILJEK “MERKEZI AZIÝA+HINDISTAN” ATLY MASLAHATYNA GATNAŞAR
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2019-njy ýyldaky ilkinji hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Merkezi hem-de Günorta Aziýa, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen köptaraplaýyn ga...