SOŇKY HABARLAR
SERDAR BERDIMUHAMEDOW AHAL WELAÝATYNYŇ HÄKIMINIŇ ORUNBASARY WEZIPESINE BELLENILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BRAZILIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Žair Bolsonara Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlagyny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, Braziliýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.
TÄZE ÝYL DABARALARY WATANYMYZYŇ ÝAŞ NESILLERINIŇ BAGTYÝARLYGYNY ARTDYRÝAR
Şu gün “Aşgabat” myhmanhanasynda giň möçberli baýramçylyk çäresi geçirildi. Paýtagtymyzyň häkimliginiň guran çäresiniň maksatnamasy şatlykly wakalara baý boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň estrada ýerine ýetirijileri, teatrlaryň artistleri, tans toparlary çykyş edip, çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdylar. Myhmanhananyň göwnejaý derejede bezelen zalynda bagtyýar çagalaryň gülküsi belentden ýaňlandy. Olar guralýan çärelere uly joşgun bilen gatnaşdylar. Bezegli arçanyň töwereginde ýaýbaňlandyry...
TÜRKMENISTANYŇ BAÝDAGY WE HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ KITABY HALKARA KOSMOS STANSIÝASYNDA
Russiýaly kosmonawt, Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany we Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeniniň eýesi, Türkmenistanda doglan, häzirki döwürde Halkara kosmos stansiýasyndaky missiýa ýolbaşçylyk edýän Oleg Kononenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gutlag iberdi. Milli Liderimizi we ähli türkmenistanlylary Täze ýyl bilen gutlap, kosmonawt Halkara kosmos stansiýasynda Türkmenistanyň baýdagyny we döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabyny...
GYZYKLY TÄZE ÝYL ŞIRK ÇYKYŞLARY TOMAŞAÇYLARY ÖZÜNE ÇEKDI
Täze, 2019-njy ýylyň öňüsyrasynda Türkmen döwlet sirkiniň artistleri tomaşaçylar üçin baýramçylyk tomaşasyny taýýarladylar. Arça ösüp oturan tokaý meýdanyna öwrülen sirk arenasynda geçen we şu ýylyň nyşany bolan It bilen Doňuz duşuşýar. Itiň öz ornuny Doňza beresi gelmeýär, netijede olaryň arasynda jedel döreýär. It haraý isläp, tomaşaçylara-da ýüzlenip görýär, ýöne ony goldan bolmady, sebäbi hemmäniň çaltrak Täze ýyly garşylasy gelýärdi. Soňra tansçylaryň, akrobatlaryň, ekwilibristleriň we masg...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA TÄZE ÝYL GUTLAGLARY GELIP GOWUŞDY
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Täze, 2019-njy ýylyň başlanmagy mynasybetli dünýäniň ähli halklaryna we tutuş adamzada parahatçylyk, howpsuzlyk, ösüş hem-de rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy Siziň Alyhezretiňize ýollamak meniň üçin uly şatlykdyr. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw etmek bilen, ýurtlarymyzyň hem-de dostlukly halklarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde hem ösdüriljekdi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNA GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe Magnitogorsk şäherinde ýaşaýyş jaýynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilikli hadysa zerarly, gynanç hatlaryny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna...