SOŇKY HABARLAR
2016-2020-NJI ÝYLLAR ÜÇIN ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNYŇ MILLI ÝOLBAŞÇYLYK EDIJI HEM-DE UTGAŞDYRYJY KOMITETINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky 2016-2020-nji ýyllar üçin ösüş maksatlarynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň Milli ýolbaşçylyk ediji hem-de utgaşdyryjy komitetiniň (ÖHÇM) maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkm...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ÝAPON SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa departamentiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Tomiýamo Mikitonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň başynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýeten sepgitleri barada pikir alyşdylar. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan dürli der...
JEMGYÝETIŇ WE DÖWLETIŇ DEMOKRATIK ESASLARYNY BERKITMEGIŇ ÝOLY BILEN
Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk işleri giň gerim bilen dowam edýär — 31-nji martda ýurdumyzda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçiriler. Olar ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjy hem-de ýerli häkimiýetiň wekilçilikli edaralaryna päk ýürekli zähmeti bilen watandaşlarynyň hormatyna we ynamyna eýe bolan halkyň mynasyp hem-de abraýly wekillerini saýlamagy maksa...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 58-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Estoniýadan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, awtobenzini, owganystanly işewürler...
«AZIÝANYŇ ÇAGALARY — 2019» OÝUNLARY TAMAMLANDY
Şu gün «Spartak» stadionynda «Aziýanyň çagalary — 2019» birinji gyşky halkara oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Şu mynasybetli bu ýerde geçirilen täsirli şüweleňde Sahaliniň häzirki zaman ýerine ýetirijileri, özboluşly halk döredijilik toparlary, zehinli ýaş aýdymçylar çykyş etdiler. Göwünleri galkyndyran owadan feýerwerk baýramçylygyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Bu ýaryşlarda Türkmenistanyň sportuň hokkeý hem-de figuralaýyn typmak görnüşlerinde wekilçilik edendigini ýatlamak bolar....
RESMI HABAR
Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly gecirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyna taýýarlyk barada hasabat berdi. Goňşy döwletler, şol sanda Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Owganystanyň halkyny türkmen halky bilen köpasyrlyk dostluk gatnaşyk...
RESMI HABAR
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulag ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, deňiz söwda flotunyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek hem-de milli deňiz söwda flotuny ösdürmek maksady bilen we Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) diýlip kesgitlenildi. Deňizde milli...