img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Ýan

TÜRKMENISTAN BAZAR GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMEGIŇ ŞERTLERINI ÜPJÜN EDÝÄR

Şu gün Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmensenagat» agentliklerinde maslahatlar geçirilip, olarda ýakyn geljek üçin bu düzümleriň işiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.  Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalary bilen ýakynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmäge gönükdirilen möhüm wezipel...

DOWAMY
pic
31 Ýan

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Agamurad Baýramgeldiýewiç Haýytmuradowy Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda şol ministrligiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.

DOWAMY
pic
31 Ýan

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Röwşen Şamyradowiç Öwezowy Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda şol ministrligiň «Türkmensenagat» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2019-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.

DOWAMY
pic
31 Ýan

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmyrat Muhammetmyradowiç Muhammetmyradow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine bellenilip, ol «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.  * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bäşimow Döwletmyrat Nurberdiýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşadyldy.

DOWAMY
pic
31 Ýan

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Murad Agamuradowiç Gurbandurdyýew «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.    * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Röwşen Şamyradowiç Öwezow başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

DOWAMY
pic
31 Ýan

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Guwanç Welinazarowiç Agajanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.

DOWAMY
pic
31 Ýan

RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradow Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.

DOWAMY