SOŇKY HABARLAR
BINAGÄRLIK WE GURLUŞYK — DURMUŞ-YKDYSADY STRATEGIÝANYŇ BEÝANY
“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň täze sanynyň daşky sahaby bu owadan neşiri eline alan okyjyny ilkinji pursatdan tomsuň jümmüşine alyp baryp, Hazar deňziniň güneşli kenaryny ýatladýar. Bu ýerde iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Awaza” akwaparky açyldy. Eger täze dynç alyş merkeziniň düzüminde üsti ýapyk akwaparkyň bardygyny hem göz öňünde tutsaň, onda birnäçe aý mundan ozalky günleriň ýatlanylmagy türkmen dynç alyş künjegine öňümizd...
EDERMENLIGIŇ WE WATANÇYLYGYŇ MEKDEBI
Islendik ýurduň geljegi sazlaşykly ösen, sagdyn we watansöýüji ýaş nesil bolup durýar. Ýaragly Güýçlerde harby gulluk ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek işinde aýratyn orun eýeleýär. “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harby gullugy 18 ýaşyna ýeten hem-de beden taýdan sagdyn ýaşlaryň hemmesi geçmelidir. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goşuny döwrebaplaşdyrmak...
JEMGYÝETÇILIK ÖSÜŞINIŇ BÄHBIDINE YLMYŇ WE IŞEWÜRLIGIŇ HYZMATDAŞLYGY
Ylym tutuş adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr, taryhda ösüşleriň binýadydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy we bilimi ösdürmäge uly üns berýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň dikeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine itergi beren taryhy waka boldy. Häzirki wagtda bu edara onunjy ýyl üstünlikli işleýär. Şol geçen döwrüň dowamynda möhüm kanunçylyk namalarynyň birnäçesi — hormatly Prezi...
DOGANLYK HALKLARYŇ RUHY GATNAŞYKLARYNYŇ DÄPLERINI BAÝLAŞDYRYP
Şu gün paýtagtymyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy. Bu çäre köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir. Halklarymyzyň arasyndaky taryhy we ruhy-medeni gatnaşyklar öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden almak bilen, häzirki döwürde türkmen-gazak hyzmatdaşlygyny, şol sanda ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek üçin möhüm binýat bolup durýar. Häzirki döredijilik çäresi türkmen...
TÜRKMENISTANYŇ ULAG BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen Ilçihanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifingde Türkmenistanyň Daşary işler ministri we Awtomobil ulaglary ministri, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekreta...
ÝTÖB-NIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory j-p Nil Makkeýniň ýolbaşçylygynda Aşgabada iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara forumlarynda ÝTÖB-niň wekilleriniň işjeň gatnaşýandyklary üçin türkmen tarapy öz minnetdarlygyny aýtdy. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen ÝTÖB-niň arasynda işjeň hyzmatdaşlygynyň...
PANAMA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Panama Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) jenap Migel Lekaro Barsenas bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Panama Respublikasynyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy oňa täze bellenen wezipesinde üstün...