SOŇKY HABARLAR
DÜNÝÄNIŇ NEBITGAZ BAZARYNYŇ ÖSÜŞ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün paýtagtymyzda geçýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” forumyň çäklerinde mowzuklaýyn maslahatyň jemleýji güni boldy. Oňa Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, BAE-niň, Malaýziýanyň we Ýewropanyň, Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de GDA-nyň ýurtlarynyň döwlet düzümleriniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, nebitgaz we hyzmatlar kompaniýalarynyň, iri abraýly guramalaryň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar be...
ÝEWROPA BILELEŞIGI - MERKEZI AZIÝA: GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ TÄZE STRATEGIÝASY
23-nji noýabrda Brýusselde Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa görnüşinde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler. Bu waka bäş ýurdy – Türkmenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany hem-de Özbegistany birleşdirýän sebit boýunça Ýewropa Bileleşiginiň täze strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagyna bagyşlanan gepleşikleriň, mejlisleriň we beýleki çäreleriň tapgyrynda möhüm sepgit bolar. Ministrler duşuşygynyň öň ýanynda bu döwletlere wekilçilik edýän žurnalistler üç...
AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTINIŇ SAPARY DOWAM EDÝÄR
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi sapary dowam edýär. Türkmenistana saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy we “Baky şöhrat” ýadygärligine gül desselerini goýdy. Soňra Prezident Ilham Alyýew paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýine bardy. Şeýle hem ol ýerlerde belent mertebeli myhman üçin ýörite tanyşdyryş dabarasy gurnaldy.
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝHHG-NYŇ MILLI AZLYKLARYŇ IŞLERI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary (MAÝK) Lamberto Zanniýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistan hem-de MAÝK-ň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belledi we ony mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. Taraplar milli azlyklaryň we Türkmeni...
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Aşgabat şäherine resmi sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew iki ýurduň arasyndaky syýasy, ulag, energetika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşarlar. Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNA SAPARY
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjidiň gurluşygynyň düýbini tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Owganystana bardy. Şunuň bilen birlikde, metjidiň düýbüniň tutulýan güni Akina demir ýoluna ýene 10 km gurmaklyk üçin ikinji tapgyrynyň g...
“MAWY ASMAN” HJ EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA KIR ÝUWULÝAN SODALARYŇ ÖNÜMÇILIGINI ÖZLEŞDIRDI
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Mawy Asman” Hojalyk jemgyýeti tebigy komponentlerden kir ýuwulýan sodalary çykarýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bugdaýly daýhan birleşiginde gurlan sehde telekeçiler kuwwatlylygy sagatda 1,5 tonna kir ýuwulýan soda çykarýan enjam oturtdylar. Önümçilik tehologiýasy gurak we suwuk tebigy çig mal ulanylýan utgaşdyrylan usuldan hem-de garyndylary taýýarlamak we guratmak ýaly iki iş tapgyryndan ybaratdyr. Ýurdumyzda öndüri...