SOŇKY HABARLAR
SANLY YKDYSADYÝET ULGAMYNDA DÜNÝÄ TEJRIBESINIŇ ÖWRENILIŞI
Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda sanly ykdysadyýete bagyşlanan okuw maslahaty başlandy. Çäräni ýurdumyzyň Ylymlar Akademiýasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilelikde guradylar. Okuw maslahatyna ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet, Aragatnaşyk, Bilim ministrlikleriniň, Merkezi bankyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we beýlekileriň hünärmenleri gatnaşdylar. Onda “Skolkowo” müd...
DEMIRGAZYK SEBITDE GÖK-BAKJA ÖNÜMLERINI TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA TABŞYRYK ÝERINE ÝETIRILDI
Daşoguz welaýatynyň ekarançylary gök we bakja önümlerini taýýarlamak boýunça ýyllyk tabşyrygy amal etdiler. Häzirki wagta çenli şu ekinler ekilen 8290 gektar ýerden 47713 tonna ýeralma, 17269 tonna sogan, 8490 tonna käşir, 58 müň 529 tonna bakja önümleri, 4635 tonna kelem, bir müň tonnadan gowrak hyýar, 14 müň 250 tonnadan agarak pomidor taýýarlanyldy. Bu görkezijiler göz öňünde tutulandakydan has ýokarydyr. S.A. Nyýazow adyndaky we S. Türkmenbaşy etraplarynyň hojalyklary umumy işe uly goşan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WIDEOŞEKILLI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ykdysady...
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY - NAKGAŞ NAZARY BILEN
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Işanguly Işangulyýew dürli tilsimleri utgaşdyrýan nakgaş. Ahal-teke atlary onuň döredijiliginde gowy görýän temalarynyň biri, olaryň keşbini zehinli döredenligi üçin ol üç gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden döredijilik bäsleşiginde baýrak aldy. Birnäçe ýyl mundan ozal bu hem onuň ussahanasyna birinji gezek barmagyma sebäp bolupdy, ussahananyň bosagasyndan ätlenimden bir zada haýran galdym. Çar tarapdan maňa zenana meňzedilen çöl garap durdy. O...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 267-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna we nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Gonkong, Türkiýe, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 23 million 39 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat s...
ÝHHG-NYŇ WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 21-24-nji noýabry aralygynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary jenap Lamberto Zanniýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Aşgabada iş sapary bilen gelmekligine garaşylýar. Saparyň çäklerinde ÝHHG-nyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Mejlisinde, Daşary işler ministrliginde, Bilim ministrliginde hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda duşuşyklary bolar. Şeýle hem ýokary derejeli myhmanyň Aşgabat şäherin...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen, Mejlisiň B...