img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Noý

REJEPBAÝ REJEBOW DÖRDÜNJI ORNY EÝELEDI

Ýurdumyzda dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna erkekleriň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejesinde çykyş edýän, 2017-nji ýylyň dünýä çempionatynyň baýragyny alan Rejepbaý Rejebow wekilçilik etdi.  Ildeşimiz birden götermekde ilki 160 kilogramy ýokaryk galdyrmaga meýil bildirip, bu işiň hötdesinden ynamly geldi. Emma türkmen türgeni ikinji synanyşykda 166 kilogramlyk ştangany ýokary galdyran mahalynda onuň elinden sport enjamy sypdy. R....

DOWAMY
pic
5 Noý

SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ETRABYNYŇ PAGTAÇYLARYNYŇ ZÄHMET ÝEŇŞI

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pagtaçylary Daşoguz welaýatynda ilkinji bolup, döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat ber-diler. Watan harmanyna 47 müň 200 tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyryldy. Şu günler etrabyň ekerançylary ýetişdirilen bol hasyly iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnamak ugrunda ähli tagallalary edýärler.  Bellenen maksada ýetmekde pagtany göz öňünde tutulandan has köp öndüren “8-nji mart”, “Döwletli”,...

DOWAMY
pic
5 Noý

DÜNÝÄ ÇEMPIONATY — 2018 TÄZE REKORDLAR BILEN BEGENDIRMEGINI DOWAM ETDIRÝÄR

Zenanlaryň arasynda 64 kilograma çenli agramlyk derejesinde ýeňiji bolanlar hem kesgitlenildi. Häzire çenli çempionatda öňdeligi elden bermän gelýän aziýaly zenanlar bilen Rumyniýadan gelen Loredana-Ýelena Toma güýçli bäsleşip ugrady. Ýöne oňa 112 kilograma barabar bolan rekord agramyň hötdesinden gelmek başartmady. Şeýlelikde, çempion ady hytaýly Weý Denge miýesser ýetdi. Bürünç medaly bolsa Gazagystandan gelen türgen Karina Goriçewa aldy.  Itekläp götermekde hytaýly türgen zenana taý tapylm...

DOWAMY
pic
5 Noý

PAGTA ÝYGYMYNYŇ DEPGINI: 1 MILLION TONNA «AK ALTYN» TAÝÝAR!

Diýarymyzyň pagtaçylary şanly sepgidi eýelediler — ýurdumyzyň kabul ediş bölümlerine “ak altynyň” 1 million tonnadan gowragy tabşyryldy.  Ekerançylaryň bu üstünligi — oba hojalyk önümçiligine gatnaşyjylaryň ählisiniň umumy tagallasynyň jemidir hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde durmuşa geçirilýän giň gerimli çäreleriň miwesidir. Ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, obasenagat toplumynyň sebitler boýunça ýöriteleşdirilme...

DOWAMY
pic
5 Noý

BMG-NIŇ ÇAGALAR GAZNASYNYŇ ÝEWROPA WE MERKEZI AZIÝA SEBITI BOÝUNÇA MÜDIRI BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça müdiri we Ýewropada bosgunlaryň we migrantlaryň meseleleri boýunça ýörite utgaşdyryjysy hanym Afşan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar türkmen hökümeti we ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlyklary boýunça 2016-2020-nji ýyllardaky döwri üçin Dö...

DOWAMY
pic
5 Noý

GAMBURGDA “MARGIANA -TÜRKMENISTANYŇ ÇÄKLERINDÄKI BÜRÜNÇ ASYRYNYŇ ŞALYGY” ATLY SERGISI

2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologiki sergisiniň açylyşy boldy. Açylyş dabarasyna 400 golaý adam gatnaşyp, olaryň arasynda Gamburg şäheriniň medeniýet boýunça edarasynyň, nemes muzeýleriniň ýolbaşçylary, Gamburgda akkreditirlenen diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary, Germaniýanyň ylym gurşawlarynyň wekilleri, german jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem türkemn diaspor...

DOWAMY
pic
4 Noý

AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA DÜNÝÄ REKORDLARY GOÝULDY

Aşgabat, 4-nji noýabr. Şu gün öňdäki gün ýaly medallaryň üç toplumynyň eýeleri kesgitlenildi. Ilki bolup meýdança 67 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän erkekler çykdy. Çempion ady ugrunda Hytaýdan gelen iki türgeniň arasynda esasy bäsleşikler boldy. Olaryň ikisi hem ilkinji iki synanyşykda şowly çykyş etdiler, ýöne Minhao Huang 152 kilogram netije bilen öňe saýlandy, rekord goýmak üçin sargyt edilen üçünji synanyşyk onuň üçin şowly bolmady. Lýujin Çen ildeşinden iki kilogram yzd...

DOWAMY