SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OWGANYSTANYŇ MALIÝE MINISTRLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Humaýun Kaýumini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Mohammad Humaýun Kaýuminiň belleýşi ýaly, Owganystanda Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasyna ýokary baha berýärler. Bu strategi...
DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA TÜRKMENISTANYŇ TOPARYNYŇ ILKINJI MEDALLARY
Şu gün paýtagtymyzda geçýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ilkinji ýeňijiler mälim boldy. Olaryň hatarynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa hem bar. Türkmen türgeni başda 75 kilogram agramlygy ynamly götermegi başardy. Şunuň bilen baglylykda, onuň tailandly bäsdeşleri ozal sargyt eden 80 kilograma derek agramlyklary 76 we 77 kilograma çenli azaltdylar we olary götermegi başardylar. Ikinji we üçünji synanyşykda Ýulduz Jumabaýewa 79 kilogr...
SAÝAT ETRABYNYŇ PAGTAÇYLARYNYŇ ZÄHMET ÜSTÜNLIGI
Şu gün Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň zähmetkeşleri döwlete “ak altyn” satmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar 14 müň 950 gektar meýdanda gymmatly ekiniň bereketli hasylyny ýetişdirip, pagtanyň 46 müň 400 tonnadan gowragyny ýygnap aldylar hem-de kabul ediş bölümlerine tabşyrdylar. Saýatly ekerançylaryň zähmetiniň netijeliligi köp babatda olaryň pagtany elde ýygmak bilen birlikde, häzirki zamanyň ýöriteleşdirilen tehnikala...
AŞGABATDA AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY BADALGA ALDY
Şu gün türkmen paýtagtynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksadaokgunly strategiýanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz sport äleminde haýran...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY TÜRKMENISTANYŇ KAZYÝETLERINIŇ KAZYLARYNY WEZIPÄ BELLEMEK WE WEZIPEDEN BOŞATMAK HAKYNDA
?Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 54-nji we 56-njy maddalaryna laýyklykda, karar edýärin: Annageldi Allalyýewiç Nuryýewi Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly; Öwezmyrat Sapargeldiýewiç Bäşimowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly; Ogulgöwher Şamuham...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi, şeýle hem geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew çykyş etdi, ol gara...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZIÝA OLIMPIÝA GEŇEŞINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň halkara sport hereketine, sebit we ählumumy derejede sportuň wagyz edilmegine we ösdürilmegine ýene bir uly goşandy boljak şanly waka — Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy bilen gutlady. Şunda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Türkmenistany ygtybarly hem...