SOŇKY HABARLAR
GÖKDEPE ETRABY DÖWLET TABŞYRYGYNYŇ ÝERINE ÝETIRILENDIGI BARADA ILKINJI BOLUP HASABAT BERDI
Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň daýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi hakynda ýurdumyzda ilkinji bolup hasabat berdiler. Olar Watan harmanyna 9 müň 250 tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrdylar. Şeýlelikde, möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen kemala getirilen pagta ýygymy möwsümini ýokary hilli hem-de bellenilen möhletde geçirmegiň möhümdigi barada 22-nji oktýab...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE RUMYNIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Rumyniýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary hanym Mariýa Magdalena Grigoreniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynda amala aşyrylan işleriň üstünde durup geçdiler we geljekde olary ösdürmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, taraplar ulag ulgamyna aýratyn üns berd...
TÜRKMEN - AMERIKAN SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürm...
AŞGABATDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ ENERGETIKA BOÝUNÇA KIÇI KOMITETINIŇ ALTYNJY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Energetika boýunça kiçi komitetiniň altynjy mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki ýurduň nebitgaz ulgamyna degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň we hususy guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Kiçi komitetiň hytaý tarapynyň başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika boýunça Döwlet müdirliginiň başlygy j-p Li Fanžun boldy. Iki ýurduň wekiliýet ýolbaşçylary türk...
ÝURDUMYZYŇ SEBITLERINDE TÄZE BINALAR AÇYLDY
Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde nobatdaky täze dört gatly döwrebap ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Üç we dört otaglardan ybarat täze bina Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrunda «Sülgün» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan paý esasynda guruldy. Ol bu ýerde gurlan beýleki köp öýli jaýlar bilen birlikde, şäheriň şu etrabynda döredilen ýaşaýyş toplumynyň üstüni ýetirdi. Täze öýleriň giň otaglary bar. Dört otagly öýüň umumy meýdany 204 inedördül metr, üç...
TÄZE SENAGAT TOPLUMLARY YGTYBARLY ELEKTRIK ÜPJÜNÇILIGI ULGAMY BILEN ÜPJÜN EDILDI
Türkmen energetikleri Owadandepede gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda uzynlygy 16 kilometr bolan WL-220 кW kuwwatlykly elektrik geçirijisiniň gurluşygyny alyp barýarlar. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ulanylmaga berlen polietilen we polipropilen öndürýän gaz himiýasy toplumy-da ygtybarly elektrik üpjünçiligi bilen üpjün edilen. Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň bölümleri “Türkmengaz” DK-nyň tabşyrygy boýunça gysga wagtda kärhananyň golaýynda ku...
DAŞOGUZYŇ PAGTA EGRIJI FABRIKLERI ÖNÜMIŇ EKSPORTYNY ARTDYRÝARLAR
Daşoguzyň Italiýanyň «Marzoli», «Savio», «Loptex» kompaniýalarynyň ýörüteleşdirilen enjamlary bilen enjamlaşdyrylan pagta egriji fabriginde ýylyň başyndan bäri 35,7 million manatlyk önüm öndürildi. Ýokary hilli Ring ýüplüginiň aglaba bölegi Beýik Britaniýa, Türkiýä, Russiýa, Hindistana we Birleşen Arap Emirliklerine ugradylýar. Daşoguzyň pagta egriji fabrigi ýylda 16,6 müň tonna pagta ýüplügini gaýtadan işläp, 14,5 müň tonna dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýüplük öndürmäge niýetlenendir. Has...