SOŇKY HABARLAR
“Altyn asyr” ilkinji gezek AFK-NYŇ Kubogynyň finalynda oýnar
Aşgabadyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň “April 25” toparyny geçirilen iki duşuşygyň netijeleri boýunça ýeňip, ilkinji gezek AFK — 2018-iň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykdy. Iki hepde mundan ozal Phenýanda geçen ilkinji oýun 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Şu gün “Köpetdag” stadionynda geçirilen jogap duşuşygynda garşydaşlar ýene-de ýeňijini belli etmediler — hasap 1:1 tamamlandy. Ýöne, myhmançylykda geçirilen pökgüleriň sanynyň köp bolmagyn...
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2018-nji ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi. Şeýle hem gün tertibine goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, harby gullukçylaryň ýaşaýyş we gulluk şertlerini has-da gowulandyrmak...
Halkara logistika maslahatynyň netijeleri jemlendi
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “HEAVY CASPIAN: TURKMENISTAN” atly halkara maslahat öz işini tamamlady. Onda ulag-logistika hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ösüşi bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ozal habar berlişi ýaly, bu iri ýöriteleşdirilen maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Türkmen logistika assosiasiýasy (TLA) tarapyndan “Heavy World” we “Ýük ulag merkezi”...
ABU-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeniýeti bilen tanyşýarlar
Şu gün Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň çäklerinde foruma gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama guraldy. Dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde medeni diplomatiýa uly orun berilýär. “Biz halkymyzyň köpasyrlyk taryhynyň, gadymy däpleriniň, medeniýetiniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň, jemgyýetimiziň ösüşiniň möhüm şerti hökmünde medeni mirasymyzyň dünýäde wagyz edilmegine, döwletara hem...
AZIÝA-ÝUWAŞ UMMANY TELERADIOGEPLEŞIKLER BIRLEŞIGINIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 55-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE GEÇIRILEN DABARALAR
2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabatda Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji Mejlisiniň çäklerinde geçirilýän: Tehniki toparyň maslahaty, Zenanlaryň 7-nji forumy, hil dolandyryşy boýunça okuw maslahaty, Dolandyryjylaryň maslahaty, Radioda işleýän hünärmenleriň maslahaty, Meýilnamalaşdyrmak we strategiýalaşdyrmak boýunça toparyň ýygnagy, Meýilnama komitetiniň maslahaty, Sport toparynyň sport oýunlarynyň telewizion hukuklaryny maliýeleşdirmek boý...
BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞLERI BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ 69-NJY MASLAHATYNA TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ GATNAŞMAGY
2018-nji ýylyň 1-5-nji oktýabrynda Şwesariýanyň Ženewa şäherinde BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň (UNHCR) 69-njy maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary S.B.Ymamberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Ýerine ýetiriji komitet maksatnamalara göz aýlamak we berkitmek, agentligiň býujetini, halkara goraglylygy we beýleki meseleriň hataryny UNHCR we hökümetara hem-de hökümete dahyly bo...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ABU-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aziýa-Ýuwaş Ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň baryşynda türkmen tarapy ABU bilen hyzmatdaşygy mundan beýläk hem giňletmäge, aýratyn hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ösdürmekde öz goşandyny goşmaga taýýardygyny aýtdy. Dr. Jawad Mottagi ilki bilen Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziýa-Ýuwaş Umma...