SOŇKY HABARLAR
“Agama” alpinistler kluby 25 ýyllygyny belleýär
Ýigrimi bäş ýyl mundan ozal jemgyýetçilik guramasy - “Agama” alpinistler kluby dag syýahatçylygynyň, gaýa çykmak sportunyň we alpinizmiň muşdaklarynyň dagynyk toparlaryny birleşdirdi. Häzirki wagtda dag syýahatçylygyny halaýanlaryň ýüze golaýy klubyň agzasy bolup, olaryň aglaba bölegi ýaşlardyr. Türkmenistanyň alpinistler hereketine 45 ýyl doldy. Tebigaty goraýyş we ekologiýa syýahatçylygynyň düýbüni tutan, Aşgabadyň Pionerler köşgüniň ülkäni öwreniş gurnagyna ýolbaşçylyk eden Wsewolod Podop...
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz, Awstraliýanyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin. Awstraliýa Türkmenistany gutlaýar hem-de Hazar deňziniň halkara-hukuk derejesiniň kesgitlenilmeginde onuň goşandyna ýokary baha berýär. Kanunçylyk taýdan kadalaşdyrylýan hem-de özara bähbitleri berkidýän bu uly...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp at çapyşyklary geçirildi. Munuň özi ýurdumyzda bedewleriň gatnaşmagynda geçirilýän iň söýgüli ýaryşlaryň biri bolup durýar. At çapyşyklary milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralarynyň baş bezegidir. Asylly däbe görä, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän atçylyk sport toplumyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geldi. Ahalteke bedewlerine a...
Hormatly Prezidentimiziň Nýu-Ýorka BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine iş sapary başlanýar
29-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisiniň işine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen ugraýar. BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. Onuň esasyny oňyn bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri düzýär. Bu hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki döwürde täze anyk many-mazmun bi...
TÜRKMENISTANDA GARAŞSYZLYK GÜNI BELLENILDI
2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanda baş döwlet baýramy — Garaşsyzlyk güni uly we köpöwüşginli dabaralar bilen bellenildi. Ýurdumyzyň baş meýdany Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilen ýerine öwrüldi. Bu ýere aşgabatlylaryň müňlerçesi hem-de ýurdumyzyň we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen köp sanly myhmanlar ýygnandylar. Münberde hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň...
DUŞENBE ŞÄHERINDE GDA-NIŇ DIM-Ň GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary Arkalaşygyň hukuk esasyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge, ynsanperwer hyzmatdaşlygyny geljekde giňeltmäge gönükdirilen 15-den gowrak resminamanyň taslamalaryna garadylar. Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri we Arkalaşygyň çäginde özar...
PRESS-RELIZ
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň işe başlamagy we onuň ilkinji mejlisini geçirmek baradaky başlangyjy 2017-nji ýylyň oktýabrynda Ahal welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň Maslahatynda doly goldandy. Halk Maslahatynyň birinji Mejlisin...