SOŇKY HABARLAR
Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň döredilenine 60 ýyl dolýar
Şu ýylyň oktýarynda Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň döredilenine 60 ýyl dolýar. Bir wagtlar onda bary-ýogy 30 çaga okan bolsa, häzir bu ýerde okuwçylaryň 244-si sungatyň inçe syrlaryny öwrenýärler. 1965-nji ýylda mekdebň ilkinji müdiri Orazgeldi Amanowyň teklibi bilen mekdebe Gündogaryň Zarpçy sungat mekdebiniň uçurymy, milli medeniýetiň taryhyna ilkinji türkmen žiwopisçisi hökmünde giren Türkmenistanyň halk nakgaşy Bäşim Nuralynyň ady dakyldy. Okuwçylar mekdep muzeýi üçi...
Heavy Caspian: Turkmenistan forumynda gabarasy bellenilen çäkden uly ýükleri daşamak ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar
2018-nji ýylyň 1-3-nji oktýabry aralygynda “Awaza” MSZ-nyň Kongress merkezinde Heavy Caspian: Turkmenistan I halkara maslahaty geçiriler. Forumda Türkmenistana agyr we umumy ulanylýan ýollardan daşap bolmaýan ýükleri daşamagyň hem-de olary oturtmagyň meselelelri, şol sanda Türkmenbaşy portunyň mümkinçilikleri, gara ýollar we demir ýol düzümleriniň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşylar. Makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşi, ýangyç-energetika pudagynyň sazlaşykly ösüşi, maliýe bazarynyň dur...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 79-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Latwiýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, aşa gyzdyrylan nebit koksuny, dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän za...
FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen gelen Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Helsinki ş.) h-m Mariýa Elina Liiwala bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdi we syýasy, söwda-ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oň...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MEJLISINDÄKI TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTULÝAN BAŞLANGYÇLARYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutulýan başlangyçlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň dowamynda ýurduň ýolbaşçysynyň saparynyň maksa...
PRESS-RELIZ
2018-nji ýylyň 29-njy sentýabry – 2-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherine iş saparyny amala aşyrar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň maksatnamasyna laýyklykda ýokary derejedäki duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurduň ýolbaşçysynyň tabşyryklaryna laýyklykda Türk...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADY, SÖWDA WE SENAGAT MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ykdysady, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça bölüminiň başlygy jenap Takasi Ýoşiokanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara hyzmatdaşlykda iki ýurduň ähmiýetlerini belläp geçip, Türkmenistanda ýola goýuljak täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirmegiň mümk...