SOŇKY HABARLAR
Welosiped sportuny wagyz etmekde Türkmenistanyň tejribesi Ginnesiň rekordlar kitabynda
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi netijesinde dünýäniň sport, jemgyýetçilik hem-de habarlar toparlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerini, hususan-da, welosiped sportuny wagyz etmekde ýurdumyzyň tejribesine we türkmen Lideriniň şunda eýeleýän ornuna, şeýle hem geçiril...
Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Şu gün dünýäniň köp ýurtlarynda ilkinji gezek Bütindünýä welosiped güni bellenildi, bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyryldy. Bu waka ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerini kemala getirýän döwlet hökmünde halkara derejede döredijilik we parahatçylyk dörediji kuwwatyny ýene bir gezek äşgär etdi. ...
Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk - ÝHHG-niň ministrler derejesindäki sebitl maslahatynyň üns merkezinde
?Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanşyk - ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» - ÝHHG we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde gurnan ÝHHG-niň ministrler derejesindäki sebitl maslahatynyň temasy boldy. Maslahat öz işini 2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda tamamlady. Iki günlük maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden we Owganystandan, we ÝHHG-niň hyzmatdaşlyk boýunça 21 sany agza-döwletlerinden we hyzmatdaşlaryndan 120 golaý wekil gatnaşdy. Çärä halkara guramalaryň, y...
Tähranda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2018-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda iş sapary bilen boldy. Tähranda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran Hökümetara toparynyň eýran böleginiň ýolbaşçysy Abbas Ahmad Ahundi bilen duşuşdy. Taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini ösdür...
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-nyň gender deňligine bagyşlanan mejlisine gatnaşdy
2018-nji ýylyň 8-nji maýynda Wena şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ynsanperwer meseleleri boýunça komitetiniň “Gender deňligi” temasyna bagyşlanan mejlisi bolup geçdi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Adalatçysy Ý.Gurbannazarowa gatnaşdy we Türkmenistanda gender ýagdaýy barada çykyş etdi. Ý.Gurbannazarowa öz çykyşynda Türkmenistanyň gender syýasaty, aýal-gyzlaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, sosial we medeni durmuşynda deň hukukly gatnaşýandygy barada belledi. H...
Aral deňziniň sebitindäki meseleleri çözmek bilen baglanyşykly maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň halkara hyzmatdaşlary bilen duşuşygy
2018-nji ýylyň 9-10-njy maýynda Aşgabat şäherinde «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar otagynda Aral deňziniň sebitindäki meseleleri çözmek bilen baglanyşykly maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň halkara hyzmatdaşlary bilen utgaşdyryjy duşuşygy boldy. Duşuşygyň esasy maksady Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini a...
Türkmenistanyň wekiliýeti Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça Iş toparynyň 30-njy mejlisine gatnaşdy
2018-nji ýylyň maý aýynda Şweýsariýanyň paýtagty Ženewa şäherinde geçýän Köpugurly Döwürleýin Syn boýunça Iş toparynyň 30-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2018-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň 3-nji synyna gatnaşdy. Ýokarda agzalan çäräniň dowamynda türkmen tarapy adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň syýasatynyň esasy ugurlary barada...