RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Awg

TÜRKMENISTANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI KATAR EMIRINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Katar Döwletiniň Emiriniň köşgünde Ilçi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Ilçi Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy...

DOWAMY
pic
17 Awg

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY PAÝTAGTYMYZ BOÝUNÇA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda belleniljek doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyna taýýarlyk çärelerine möhüm...

DOWAMY
pic
17 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ ÝUNESKO-NYŇ AGZALYGYNA KABUL EDILMEGINIŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) goşulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşmakdan başlandy. Soňra “Türkmenistan -...

DOWAMY
pic
16 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝUNESKO-NYŇ BAŞ DIREKTORYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktory hanym Odre Azulä Türkmenistanyň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Soňky ýyllarda bilelikde köp işler ýerine ýetirildi, medeni we ynsanperwer ugurda, taryhy mirasy gorap saklamak babatynda oňyn tejribe toplandy. Türkmenistan geljekde hem ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlygy d...

DOWAMY
pic
16 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI INDONEZIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo Indoneziýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Joko Widodo tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Indoneziýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa R...

DOWAMY
pic
16 Awg

TÜRKMENISTAN — BMG: AZYK HOWPSUZLYGY ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK

Häzirki zaman şertlerinde ählumumy parahatçylygy we dostlugy, şol sanda azyk howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Bitarap Watanymyz döwletara derejede, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giň we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Türkmenistan BMG we onuň ugurdaş düzümleri bilen strategik hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet bermek bi...

DOWAMY
pic
15 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Mahaçkala şäherindäki awtomobillere ýangyç guýujy beketde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenle...

DOWAMY