SOŇKY HABARLAR
AWAZADA HAZAR DEŇZINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHATY GEÇIRILÝÄR
Şu gün, 2023-nji ýylyň 12-nji awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda gibrid görnüşde Hazar deňziniň gününe bagyşlanan "Hazar deňzi - Parahatçylyk we dostluk deňzi" atly ylmy-amaly maslahaty açyldy. Wekilçilikli foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de daşar...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN HABAR
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň berýän maglumatyna görä, Türkmenistan halkara energetika hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, nebitgaz ulgamynda dürli döwletler bilen deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly iberilmegini, bu işleriň dowamynda gatnaşyjylaryň ählsiniň – energiýany öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň...
TÜRKMENISTAN "HAZAR MÖWSÜMLERI" HALKARA FESTIWALYNA GATNAŞAR
“Hazar möwsümleri - 2023” halkara nusgawy sungat festiwaly şu ýylyň 18-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda Astrahanda geçiriler. Bu möhüm medeni çärä Türkmenistanyň döredijilik toparlaryny Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin “Hazar — dostluk deňzi” motoýörişinde Aşgabada eden saparynda çagyrypdy. Festiwal Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasyndaky ynsanperwerlik gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen üçünji gezek geçirilýär. Çäräniň dabaraly açylyşy 22-nji awgustda b...
TÜRKMENISTANYŇ GRUZIÝADAKY ILÇISI BELLENILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany D.Seýitmämmedowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda Döwletmyrat Seýitmämmedowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 11-nji awgusty. * * * Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany D.Seýitmämmedow hakynda Döwletmyrat Seýitmämmedowy Türkmenistanyň Gruziýadaky (Tbilisi şäheri) Adatda...
TÜRKMEN-INDONEZIÝA HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 11-nji awgustynda wideokonferensiýa şekilinde Türkmenistanyň we Indoneziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň degişli düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň diplomatlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-indoneziýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletleriň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara we sebit guramalaryň çäklerinde netijeli...
NURY HALMÄMMEDOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 85 ÝYLLYGYNA
Moskwada taýýarlanylýan «Köp medeniýetli giňişlikde milli kompozitorlyk mekdepleriniň emele geliş meselesi» atly halkara ylmy we amaly maslahata ylmyň, medeniýetiň, aýdym-saz sungatynyň görnükli wekilleri, nazaryýetçiler we sazandalar gatnaşarlar. Aýdym-saz dünýäsindäki bu uly waka milli saz sungatynyň halypasy, beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna gabat getirilmek bilen 2023-nji ýylyň güýzüne meýilleşdirilýär. Türkmen kompozitorynyň eserlerine dünýä der...
DURNUKLY ÖSÝÄN YKDYSADYÝET — HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNYŇ KEPILI
Ylmy çemeleşmä, hojalygy netijeli ýöretmäge we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň strategiýasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu strategiýa ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga we sanlylaşdyrmaga, bazar düzümleriniň we döwlet gözegçiliginiň netijeli sazlaşygyna, iň täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň...