RSS

SOŇKY HABARLAR

23 Iýul

Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iň derwaýys meseleleriň hatarynda energetika, ulag, aragatnaşyk we söwda pudaklarynda amala aşyrylýan bilelikdäki işlere garalyp geçildi. Iň ýokary döwlet we hökümet derejelerinde amala aşyryljak saparlarda gol çe...

DOWAMY
23 Iýul

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna sapary başlandy. Saparyň meýilnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Asif Ali Zardari Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Baş...

DOWAMY
22 Iýul

Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar. Nobatdaky mejlisiň işine Bütindünýä miras komitetiniň 21 sany agza ýurtlaryň wekiliýetleri, şeýle-de 1972-nji ýylyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýa gatnaşýan döwletlerden synçylar gatnaşýar. Mejlisiň açylyş dabarasyna Hindi...

DOWAMY
20 Iýul

Türkmenistanyň we ADNOC-yň wekilleri gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar

2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Sultan Ahmed Al-Jaberiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, «Galkynyş» gaz käni...

DOWAMY
20 Iýul

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Rumyniýa sapary

2024-nji ýylyň 18-nji iýulynda Buharestde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, rumyn tarapyna - Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Ana Tinka ýolbaşçylyk etdi. Ikitaraplaýyn gün tertibiniň syýasy-diplomatik gatnaşyklar, söwda-ykdysady we medeni-bilim hyzmatdaşlygy ýaly möhüm ugurlar boýunça çuň mazmunly we özara gyzyklanma bild...

DOWAMY
19 Iýul

KHBS üçin maglumat

2024-nji ýylyň 19-njy iýulynda Aktau  şäherinde (Gazagystan) geçirilýän ilkinji «Demirgazyk–Günorta» söwda-logistika forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşugyň barşynda ulag ulgamynda üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklrini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, taraplar geljekde Pakistana çykmagy nazara alamak...

DOWAMY
17 Iýul

Türkmenistanyň DIM-nde Singapuryň DIM-niň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa Direktoratynyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Singapuryň DIM-niň Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Afrika we Merkezi Aziýa Direktoratynyň Baş direktory Samuel Tanyň arasynda duşuşyk geçirildi Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaý we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de sebitleýin we halkara...

DOWAMY