SOŇKY HABARLAR
RF-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Duşuşygyň başynda RF-nyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. W.Hajiýew Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, täze wezipesinde alyp barjak işlerinde ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny nygtady. Diplo...
SERBIÝANYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Serbiýa Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Momçilo Babiç bilen duşuşygy geçirildi. Ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurylyşyň çäklerinde türkmen tarapy Ilçiniň täze wezipesinde alyp barýan işlerine mümkin bolan ähli ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny mälim etdi. Syýasy-diplomatik ugurda taraplar syýasy dialogy ýokary der...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝHHG-NIŇ PARLAMENT ASSAMBLEÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeldi kabul etdi. ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli, öňdengörüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýan Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzma...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2023-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýanyň sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň s...
ПРЕСС-РЕЛИЗ МЕЖДУНАРОДНОЙ КОНФЕРЕНЦИИ «РОЛЬ НЕЙТРАЛЬНЫХ ГОСУДАРСТВ В УКРЕПЛЕНИИ БЕЗОПАСНОСТИ, СТАБИЛЬНОСТИ И ДИАЛОГА В РЕГИОНЕ ОБСЕ»
16 мая 2023 года в отеле «Ýyldyz» состоялась Международная конференция «Роль нейтральных государств в укреплении безопасности, стабильности и диалога в регионе ОБСЕ», организованная Меджлисом Туркменистана совместно с Парламентской Ассамблеей ОБСЕ. Целью этой важной многосторонней встречи, проводимой в рамках инициативы «Призыв к действию – Хельсинки+50», является содействие и продвижение всеобъемлющего подхода к обеспечению безопасности, прочного и устойчивого мира во имя счастливого будущег...
OWGANYSTANDA TÜRKMEN LUKMANLARY YNSANPERWER KÖMEK HÖKMÜNDE IŞE BAŞLADYLAR
Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Buýrugy esasynda 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda 3 sany türkmen lukmanlary owgan zenanlaryna hem-de çagalaryna bejeriş we maslahat beriş ýardamlaryny bermek üçin Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesindäki 2016-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde gurlup berlen 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüne geldiler. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Turgundy şäherçesinde lukmanlary owgan tarapy gyzgyn garşy ald...
«GOETZPARTNERS» KOMPANIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK BARADA
2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew bilen Germaniýanyň "Goetzpartners" kompaniýasynyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toparyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ykdysadyýet we maýa goýum hyzmatdaşlygy pudagynda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmegiň çäginde pikir alşyldy. «Goetzpartners» kom...