RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Few

WATANYMYZY OKGUNLY ÖSDÜRMEK ÜÇIN TÄZE TASLAMALAR, TÄZE PIKIRLER WE DOLANDYRYŞ ÇÖZGÜTLERI

Döwlet Baştutanymyzyň geçen hepdede geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy ösdürmek boýunça beýan eden oýlanyşykly strategiýasy ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ählumumy parahatçylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. 6-njy fewralda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylý...

DOWAMY
pic
14 Few

TÜRKMEN TENNISÇILERI DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNYŇ SAÝLAMA ÝETGINJEKLER ÝARYŞYNA (U-14) ÝEŇIŞ BILEN BAŞLADYLAR

Türkmenistanyň erkekler we zenanlar toparlary Kolomboda (Şri-Lanka) başlanan tennis boýunça dünýä çempionatynyň saýlama ýetginjekler ýaryşyna (U-14) Makaonyň ýygyndy toparyny ýeňmek bilen girişdi. Bäsleşige 15 ýurt: Bangladeş, Indoneziýa, Yemen, Kamboja, Gyrgyzystan, Liwan, Makao, Malaýziýa, Mongoliýa, Nepal, Saud Arabystany, Singapur, Türkmenistan, Şri-Lanka we Okeaniýa ada döwletleri gatnaşýar. «AA»-nyň habarçysyna Türkmenistanyň Milli tennis federasiýasynda habar berlişi ýaly, 14 ýaşa çenl...

DOWAMY
pic
14 Few

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MONGOLIÝANYŇ TÄZE ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Daşary işler ministrliginde iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Mongoliýanyň täze bellenen ilçisi Dorji Baýarhuu ( oturýan ýeri Astana ş.) bilen duşuşdy. Türkmen tarapy ynanç hatynyň nusgalaryny kabul edip, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt bildirdi we Ilçiniň bu ugurdaky işlerine hemaýat etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşy...

DOWAMY
pic
14 Few

KUBA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Kubanyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we golda...

DOWAMY
pic
14 Few

DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY ŞWESIÝANYŇ ILÇISINIŇ YNANÇ HATYNYŇ NUSGASYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Şwesiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Stokgolm ş.) Tomas Danestadyň ynanç hatynyň nusgalaryny kabul etdi. Duşuşygyň barşynda, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar şeýle hem parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini belläp geç...

DOWAMY
pic
14 Few

TÜRKMENISTAN WE EÝRAN MEDENI-YNSANPERWER GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRMÄGE YGRARLYDYRLAR

2023-nji ýylyň 14-nji fewralynda Daşary işler Ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam ugrukdyryş ministri Mohammad Mahdi Esmaýil bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Eýrana amala aşyran resmi saparynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Ol saparyň barşynda ylym-bilim gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hem-de medeniýet we sungat ulgamynda özara gatnaşyklaryna itergi berýän birnäçe resminamalara gol ç...

DOWAMY
pic
14 Few

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BÜTINDÜNÝÄ HÖKÜMET SAMMITINE-2023 GATNAŞDY

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «Geljegiň hökümetlerini kemala getirmek» şygary astynda 2023-Bütindünýä  hökümet sammiti geçirildi. Sammitde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyza wekilçilik etdi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy sammitiň mejlisinde çykyş edip, dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda döwletleriň­dir halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady....

DOWAMY