SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY S.A.JORAÝEW HAKYNDA
Serdar Açyldurdyýewiç Joraýewi Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 10-njy fewraly. Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.A.JORAÝEW hakynda (turkmenistan.gov.tm)
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY ABA ANNAÝEW ADYNDAKY HALKARA ATÇYLYK AKADEMIÝASYNY DÖRETMEK HAKYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan atlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin: 1. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY P.H.BAÝRAMDURDYÝEW HAKYNDA
Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýewi Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 10-njy fewraly. Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY P.H.BAÝRAMDURDYÝEW hakynda (turkmenistan.gov.tm)
DÖWLET BAŞTUTANYMYZYŇ GOL ÇEKEN RESMINAMALARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetgeldi Nurgeldiýewiç Serdarow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Açyldurdyýewiç Joraýew Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Tü...
TÜRKMEN FUTBOLÇYSY GONKONGYŇ «KITÇI» KLUBUNDA ÜSTÜNLIKLI ÇYKYŞ EDÝÄR
2023-nji ýyl Gonkongyň «Kitçi» klubunda oýnaýan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Ruslan Mingazow üçin şowly başlandy. Geçen aý futbol oýnamagy Aşgabatda öwrenen 31 ýaşly Ruslan bu klubuň düzüminde ilkinji baýragyna - Gonkongyň Senýor Şild kubogyna mynasyp boldy. R.Mingazowyň topary aýgytlaýjy oýunda häzirki çempion «Istern» toparyny jerime urgularyndan 4: 2 hasabynda (duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1: 1 hasabynda deňme-deň tamamlandy) utup, şeýle üstünlik gazandy. Bu oýunda Rusl...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ BIRINJI PARLAMENTARA FORUMYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 9-10-njy fewralynda Gazagystan Respublikasynyň Türkestan şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň birinji Parlamentara forumy geçirildi. Bu forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Orunbasary Gurbanmyrat Aşyrowyň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Forumyň işini Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew açdy. Soňra bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň beýleki ýolbaşçylary çykyş etdiler. Forumyň barşynda de...
MILLI PARLAMENTE, ÝERLI HÄKIMIÝET WE ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞ EDARALARYNA DALAŞGÄRLERI HÖDÜRLEMEK DOWAM EDÝÄR
Türkmenistanda möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka — Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýetip gelýän saýlawlaryna taýýarlyk işleri depginli dowam edýär. Ýerlerde okrug saýlaw komitetleri işleýär, şeýle-de uçastok saýlaw toparlary döredildi, olaryň işgärleri üçin okuw maslahatlary geçirilýär. 26-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilen bu çäre türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, halk häkimiýetliligi ýörelgelerini pugtal...