SOŇKY HABARLAR
SUW SERIŞDELERINI REJELI PEÝDALANMAGYŇ WAJYP WEZIPELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrmagyň barşynda Garagum derýasynyň hem-de beýleki akabalaryň suwuny rejeli peýdalanmak, derýanyň kadaly akymyny üpjün etmek, onuň kenarlaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns berdi. Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda Garagum derýasynyň 798-nji kilometrinde ýerleşýän köpriniň üstünde saklandy. Bu ýerde Mill...
TÜRKMENISTAN WE AZERBAÝJAN HAZAR DEŇZINIŇ DÜÝBÜNI ÇÄKLENDIRMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2023-nji ýylyň 24-25-nji ýanwarynda Aşgabatda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Hazaryň institutynyň direktory, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ýörite wekili M.Atajanow, Azerbaýjanyň wekiliýetine - Daşary işler ministriniň orunbasary, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Serhetler we Hazar deňzi boýunça ýörite wekili ýolbaşçylyk etdi H.H...
TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞMAGY
2023-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Daşkende, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (ECO) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Geňeşiniň (CMFA) 26-njy mejlisine gatnaşdy. Bu çärä agza döwletleriň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary, sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, ýöriteleşdirilen edaralar, sebit institutlary we ECO-nyň degişli guramalary gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda, maýa goýumlary, ýaşyl ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, energeti...
HALKYŇ DURMUŞ DEREJESINI ÝOKARLANDYRMAK — DÖWLET SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY
Şu gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Çoganly” ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän täze şäher düzümini döretmek işiniň dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Halkymyzy ýokary hil derejesine laýyk gelýän amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan...
HALK MASLAHATY – TÜRKMENISTANDA HALK HÄKIMIÝETINIŇ YGTYBARLY SÜTÜNI
2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň paýtagtynda ýerleşýän Maslahat köşgünde taryhy ähmiýetli möhüm syýasy çäre geçirildi. Türkmenistanyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ýurduň döwlet häkimiýetiniň wekilçilik we kanun çykaryjy edarasy bolan Türkmenistanyň iki palataly parlamenti - Milli Geňeşiň mejlisi bolup geçdi. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar Türkmenistanda durmuş-syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlar bilen bagly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. D...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 49 MILLION 582 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ЕСO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Owganystanly telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjy...
“EURONEWS” TELEÝAÝLYMY BILEN ÖZARA GATNAŞYKLARYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, şeýle hem Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Euronews” ýewropa maglumat teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi. Daşary syýasat edarasynda geçirilen ýygnakda Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew we teleýaýlymyň satuw we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwain Žan Iw Rože geljegi uly bilelikdäki taslamala...