SOŇKY HABARLAR
ELEKTRIK ENERGIÝASYNYŇ ÖNDÜRILIŞI ÝOKARLANÝAR
Garaşsyzlyk ýyllarynda kuwwatlylygy düýpli artdyrylan Balkanabat döwlet elektrik bekediniň täze önümçilik desgalarynda elektrik energiýasynyň öndürilişi üç essä barabar artdyryldy. Netijede, bu beket ýurdumyzda kuwwatlylygy boýunça elektrik energiýasyny öndürýän güýçli gaz turbinaly desgalaryň birine öwrüldi. Kärhanada geçen ýylyň jemi boýunça 2,2 milliartdan gowrak kilowatt sagat elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere bökdençsiz ýetirildi. Munuň özi, geçen ýylyň iş meýilnamasynyň 108,...
TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ DAŞKY GURŞAW BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň BMG-n...
TÜRKMENISTANYŇ NIDERLANDLARDAKY WE LÝUKSEMBURGDAKY ILÇISI WEZIPÄ BELLENILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.B.Palwanow hakynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji ýanwary. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.B.Palwanow hakynda Türkmenistan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LATWIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Egils Lewitse hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Latwiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga e...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat hormatly Prezidentimize Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we türkmen halkyna rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine özüniň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KATAR DÖWLETINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al Azbini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi döwlet Baştutanymyza Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şunda katar tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan d...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ITALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrarini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza Prezident Serjio Mattarellanyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, okgunly ösýän, oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýlä...