RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Dek

TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 18 MILLION 454 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.  Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we nebit ýol bitumyny, şeýle hem Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.   Bulardan başga-d...

DOWAMY
pic
5 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAPAR BILEN KATAR DÖWLETINDE BOLDY

2022-nji ýylyň 3-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy boýunça Katar Döwletine sapary amala aşyryp, ol ýerde türkmen-katar gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly ýokary derejede duşuşyk geçirdi hem-de Dohada dowam edýän Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurda ugramazyndan ozal, Aşgabadyň Halkara howa menzi...

DOWAMY
pic
4 Dek

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TAILANDYŇ PATYŞASYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna we ýurduň ähli halkyna Tailandyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Maha Wajiralongkorna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Tailand Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
pic
4 Dek

BÜZMEÝIN ETRABYNDAKY TÄZE JAÝLAR

Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda amatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu ýerde 120 töweregi köp öýli ýaşaýyş jaýlar gurulýar. Birbada üç sany uly ýaşaýyş toplumy döredilýär, olara ýakyn wagtda birnäçe müň maşgala göçüp geler. Iri panelli jaýlardan ybarat ýaşaýyş toplumlary Senagat, Köpetdag, Altyn asyr, Ahal, N. Ökdirow, Oguzhan we beýleki köçeleriň ugrunda hatar tutup durlar. Diňe şu ýyl şäher ýaşaýyş jaý gurluşygynyň çäginde gurlan 17 sany köp öýli ýa...

DOWAMY
pic
2 Dek

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlarynda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan tekl...

DOWAMY
pic
2 Dek

TÜRKMEN PÄLWANLARY TÜRKIÝEDE GEÇIRILEN HALKARA ÝARYŞYNDA SEKIZ MEDALA MYNASYP BOLDULAR

Türkmen agyr atletikaçylary Türkiýanyň Ankara şäherinden meşhur ştangaçy Naim Süleýmanoglunyň hormatyna bagyşlanan halkara ýaryşyndan Watanymyza sekiz medal getirdiler. Silkip galdyrmakda, itekläp galdyrmakda we ikileýin görnüşde kümüş medallaryň üçüsi Ogulgerek Amanowa gowşuryldy. Bu baýraga ol 55 kilograma çenli agram derejesinde mynasyp boldy. Silkip galdyrmakda ildeşimiz 70 kilogram agramy, itekläp galdyrmakda 85 kilogram agramy göterdi, bu bolsa görnüşleriň ikisiniň jeminde 155 kilograma...

DOWAMY
pic
2 Dek

HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNYŇ TÜRKMEN BÖLEGINIŇ DÜZÜMI TASSYKLANYLDY

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. Hökümetara türkmen-rus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY