RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Noý

OWGANYSTANYŇ FARÝAB WELAÝATYNYŇ GARAMGOL ETRABYNYŇ SAGLYK ÖÝÜNIŇ DURKUNYŇ DÜÝPLI ABATLANYLMAGY WE YNSANPERWER KÖMEGI BERILMEGI BILEN BAGLY GEÇIRILEN DABARALY ÇÄRE

2022-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şarif ş.) Baş konsullygyň gurnamagynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde Farýab welaýatynyň Garamgol etrabynda gurulyp, 2009-njy ýylyň awgust aýynda ulanyşa berilen Saglyk öýüniň durkunyň Türkmenistan tarapyndan düýpli abatlanyp berilmegi hem-de ynsanperwer kömegi hökmünde medisina enjamlaryň we derman serişdeleriň owgan tarapyna gowşurylmagy bilen bagly dabaraly resmi çäre geçirildi. Geçirilen...

DOWAMY
pic
27 Noý

AMYDERÝANYŇ GORAGLY JEŇŇELLERI

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy Lebap welaýatynyň demirgazyk-gündogar çäginde ýerleşýär. Bu ýerde Amyderýa töweregi, derýanyň kenarlaryndaky jeňňeller we bioköpdürli ekoulgamlar bar. Olaryň golaýynda gum depeleri, seýrek gyrymsy agaçly şorluklar we batgalyk-sonar ýerlerde gögerýän dürli ösümlikli çyg arnaly takyrlar ýerleşýär. Halaç we Kerki etraplarynyň çäklerindäki 103 müň gektär ýeri tutýan Kelif döwlet tebigy çäkli goraghanasy Amyderýa goraghanasynyň hataryna girýär. Ol suwly-b...

DOWAMY
pic
27 Noý

TÜRKMEN TAÝBOKS USSATLARY TÜRKIÝEDE GEÇIRILEN HALKARA ÝARYŞDA BÄŞ MEDAL GAZANDYLAR

Türkmen türgenleri şu gün Antaliýada (Türkiýe) tamamlanan taýboks boýunça halkara ýaryşynda bäş – 1 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky Döwlet komitetinde habar bermegine görä, Türkiýede geçen ýaryşa 32 döwletden 756-dan gowrak türgen gatnaşdy. Türkmenistandan wekilçilik eden 9 türgeniň bäşisi baýrkalara mynasyp boldular. Toparymyzdan altyn medaly 86 kg çenli agramda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 2-n...

DOWAMY
pic
27 Noý

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi biziň hormatly kärdeşimiz Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladimir Wladimirowiç Makeýiň biwagt aradan çykmagy bilen bagly çuňňur gynanjyny bildirýär. Wladimir Wladimirowiç Belarusyň diplomatik gullugynyň ösdürilmegine öz ähmiýetli goşandyny goşdy, öz ýurdunyň daşary syýasatyny yzygiderli, pugta we esasly durmuşa geçirdi, onuň garaýyşlaryny we bähbitlerini halkara giňişliginde öňe sürdi. Ikitaraplaýyn türkmen-belarus däp bolan dostlukly...

DOWAMY
pic
26 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY M.MÄMMEDOWANYŇ FRANSIÝA SAPARY

2022-nji ýylyň 23-26-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pariž şäherinde gulluk saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Luwr muzeýinde “Ulug-Depe – Merkezi Aziýanyň biziň eramyzdan öňki taryhyny öwrenmek üçin iri merkezi” atly Ulug-Depede geçirilen bilelikdäki fransuz-türkmen arhelogiki missiýasynyň (МАФТУР) arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata 500 töwe...

DOWAMY
pic
26 Noý

ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA «TÜRKMENISTAN – ÝEWROPA BILELEŞIGI» DIALOGYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI BARADA

2022-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Adam hukuklary boýunça «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Dialogynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda, daşary işler, içeri işler, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň we ş.m. ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de Türkmenistany...

DOWAMY
pic
25 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol täze taryhy eýýamyň özgertmelerini hukuk taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze Kanunlar metbugatda çap edilýär we...

DOWAMY