SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň ýörelgelerine hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi bar...
GERMANIÝANYŇ "GOETZPARTNERS CORPORATE FINANCE GMBH" WE "PRODOEHL CONSULT GMBH" KOMPANIÝALARY BILEN DUŞUŞYK BARADA
2022-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Goetzpartners Corporate Finans GmbH we Prodoehl Consult GmbH nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem dürli geljegi uly taslamalar we maýa goýum hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdy. Saparyň çäginde...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI LATWIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Egils Lewitse we ýurduň ähli halkyna Latwiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Egils Lewitse berk jan saglyk, rowaçlyk, Latwiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady (turkmenist...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI OMANYŇ SOLTANYNY GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Omanyň Soltany Haýsam bin Tarige we ýurduň ähli halkyna Oman Soltanlygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Haýsam bin Tarige berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Oman Soltanlygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, abadançylyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady (turkmenistan.gov.t...
TARYHY MIRAS HALKYŇ RUHY BAÝLYGYDYR
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan üç aýdan bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim işgärlerine Gutlagy, şeýle-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara...
“DEMOKRATIÝA WE HUKUK” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan taýýarlanylýan «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň her çärýekde neşir edilýän nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýän bu žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 23-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Döwlet Maslahatyndaky çykyşy bilen açylýar. Öz çykyşynda döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny yzy...
TÜRKMENISTAN MAŞGALA GYMMATLYKLARYNY DURMUŞA GIRIZJEK HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAÝAR
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we ABŞ-nyň Halkara Ösüş boýunça agentliginiň (USAID) Döwlet dolandyrylyşyna goldaw maksatnamasy Türkmenistanyň raýat ýagdaýyny ýazga alyş edaralary üçin hünärmenleri taýýarlaýar. Hünärmenler maşgala terapiýasynyň endiklerini özleşdirerler, bu iş ýaş çatynjalara maşgala gymmatlyklary, oňyn durmuş hem maşgala kadalaryny öňe sürmek, gender deňligi, köpeliş hukuklary ýaly temalar boýunça okuw geçmegi we maslahat bermegi ö...