RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Noý

TÜRKMENISTAN ADIPEC-2022 HALKARA NEBIT SERGISINE WE MASLAHATYNA GATNAŞDY

2022-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Abu Dabide (BAE) ADIPEC 2022 atly Halkara nebit sergisi we maslahaty açyldy. Şu ýyl ADIPEC-de 54 sany öňdebaryjy milli we halkara nebit we integrirlenen energiýa kompaniýalary wekilçilik edýär. Sergi 140,000 inedördül meýdany tutdy, oňa 28 sany milli ýurt pawilýonlary bilen 2200 sergi kompaniýalary gatnaşdy. "Türkmenistanyň nebit we gaz pudagy" pawiliony 13060 belgili stendde gurnaldy. Abraýly foruma dünýäniň 40-dan  gowrak ýurtlaryndan ministr derejesinde, ş...

DOWAMY
pic
4 Noý

TÜRKMENISTAN-RUSSIÝA: PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE DEREJESI

2-nji noýabrda ir bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtomobil kerweni Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň binasyna tarap ugrady. Merkezi girelgäniň öňünde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy umumy mejlisi açyp, şu gün Federasiýa Geňeşinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbangu...

DOWAMY
pic
4 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNA RUSSIÝANYŇ ÝOKARY DÖWLET SYLAGY GOWŞURYLDY

3-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň awtoulag kerweni Kreml köşgüne geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Söhbetdeşligiň barşynda häzirki wagtda giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Prezident Wladimir Putin belent mertebeli myhmany mübärekläp, uzak ýyllaryň dowamynda bilelikde işleşen Gurba...

DOWAMY
pic
4 Noý

TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NYŇ GURLUŞLARYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2022-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-nyň sebit agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygy gibrid görnüşde geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatlaryny Utgaşdyryş Müdirliginiň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory G. Ýop-Son, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň başlygy N. German, ÝUNESKO Klasteriniň  Tährandaky edara müdiri G. El Hury, BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary K...

DOWAMY
pic
4 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow...

DOWAMY
pic
4 Noý

«TEATRALL» FESTIWALYNYŇ NETIJELERI, AŞGABAT TEATRLARYNYŇ GASTROLLARY WE MEDENI ÇÄRELERIŇ SANAWY

Gazagystanyň paýtagtynda «TeatrALL» atly ikinji halkara teatr festiwaly tamamlandy. «TÜRKSOY» halkara guramasyna girýän ýurtlaryň döredijilik toparlary gatnaşdy. Bu teatr hepdesinde Türkmenistandan Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry «Arşyn mal alan» oýny bilen çykyş etdi. Artistler Aşgabada ýadygärlik diplomlary we medallar bilen gaýdyp geldiler. Lebap welaýatynda paýtagtymyzyň teatrlarynyň gastrollary dowam edýär. 3-nji noýabrdan 8-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Beýik S...

DOWAMY
pic
4 Noý

TÜRKMEN KÜŞTÇÜLERI AZIÝA ÇEMPIONATYNDA HALKARA KADALARYNY BERJAÝ ETDILER

Türkmen küştçüleri Saparmyrat Atabaýew bilen Azat Nurmämmedow Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen küşt boýunça Aziýa çempionatynda halkara kadalaryny berjaý etdiler, onda erkekler (açyk) we zenanlar toparynda 9 türgen ýurdumyzdan wekilçilik etdiler. Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat habarynda habar berlişine görä, Saparmyrat Atabaýew 9 döwde 5 utuk toplap, grossmeýsteriň birinji balyny gazandy, Azat Nurmämmedow bolsa mümkin bolan 9 utukdan 4,5 utuk toplap, halkara ussady adyny...

DOWAMY