SOŇKY HABARLAR
«DAŞKENT» DYNÇ ALYŞ SEÝILGÄHI – MIZEMEZ TÜRKMEN-ÖZBEK DOSTLUGYNYŇ ÝENE BIR AÝDYŇ NYŞANY
Prezidentler Serdar Berdimuhamedowwe Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda gurlan «Daşkent» dynç alyş seýilgähiň açylyş dabarasy gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany seýilgähiň esasy girelgesiniň öňünde garşylady, bu täze seýilgäh mizemez türkmen-özbek dostlugynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat we Daşkent doganlaşan şäherlerdir. 2018-nji ýylyň aprel aýynda özbek paýtagtynda «Aşgabat» seýilgähiniň açylandygyny ýatlatýarys. Ol häzirki wagtda bu iri...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan kuwwaty hem-de uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anykla...
SEBIT WE ÄHLUMUMY WEHIMLER BILEN BAGLYLYKDA TÜRKMENISTANYŇ TÄZE HALKARA BAŞLANGYÇLARY
Merkezi Aziýa sebitinde syýasy we durnukly ykdysady özgertmeler dünýä gurluşynyň kemala gelmeginde barha uly orun eýeleýär hem-de muňa has uly täsirini ýetirýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşy bu meýilleriň möhüm subutnamasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti diňe öz ýurduna mahsus bolan ýagdaýlar barada aýtmak bilen çäklenmän, ählumumy hem-de sebit wehimlerine we mümkinçiliklerine, Türkmenistanyň olary...
AMATLY ŞÄHER GURŞAWY
Döwrebap şäher gurluşygynyň talaplaryna laýyklykda Daşoguz şäherinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Şäheriň toplumlaýyn abadanlaşdyrylmagy we oňaýly şäher gurşawynyň döredilmegi bu işiň möhüm ugurlarynyň biridir. Yzygiderli amala aşyrylýan çäreler netijesinde indi Alp Arslan köçesinde-de çagalaryň we ulularyň işjeň dynç almagy üçin täze ýer döredildi. Gül-pürçüge bürenip oturan bu zolakda ýakyndaky köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýanlar üç...
BAÝRAMDURDY NURYÝEWIŇ SURAT SERGISI
Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde Baýramdurdy Nuryýewiň 55 yaşynyň dolmagy mynasybetli şahsy surat sergisi açyldy. Baýramdurdy Nuryýew Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy. Ol döredijilik işine kinostudiýada başlapdy. Ähtimal, onuň özboluşly suratkeşlik äheňleri hut şonda emele gelendir, çünki onuň «Awçylar», «Japbaklar», «Mežnun» ýaly işleri erteki dünýäsiniň parçalaryny ýada salýar. Baýramdurdy aga oba ilatynyň durmuşyny beýan edýän işleri örän gyzykly. Onuň «Bildiriş», «B...
TÜRKMEN TENNISÇILERI DEWIS KUBOGYNDA BUTAN BILEN OÝNY ÝEŇIŞLI BAŞLADYLAR
Türkmenistanyň tennis boýunça milli ýygyndy topary şu gün Isa Bahreýn (Bahreýn) şäherinde geçýän Dewis Kubogynyň zolaklaýyn ýaryşyna Butan toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykmak bilen başlady. Ildeşlerimiziň çykyş edýän Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda synp derejesini ýokarlandyrmak üçin ikä bölünen 9 topar bäsleşýär. Birinji belgi bilen bellenen Türkmenistanyň milli ýygyndysy bije atylanda, Kambojanyň, Mongoliýanyň we Butanyň toparlary bilen «B» toparyna düşdi. «A» toparyny Kuw...
«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY» ATLY AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINE ÇAKYLYK
24-nji oktýabrda sagat 15:00-da «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň ikinji möwsümine gatnaşmaga isleg bildirýän uly synp okuwçylary üçin onlaýn-synag geçiriler. Bu barada bäsleşigiň guramaçylary – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty (DIM HGI) we institutyň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi yglan etdi. Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylary üçin synaglar paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ýokary okuw mekdeplerinde şu aşakdak...