SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI SINGAPURYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ EDARASYNYŇ MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň Gazagystan Respublikasyna halkara we döwlet ähmiýetli birnäçe çärelerine gatnaşmak maksady amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde, 2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Singapuryň Premýer-ministriň edarasynyň Ministri Mohamad Maliki bin Osmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti, şeýle hem ozal amala aşyrylan saparlaryň netijeliligi belleni...
GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI
2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Astana şäherinde geçirilen GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky Mejlisine gatnaşdy. Mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdy. Daşary işler ministrler 2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Astana şäherinde...
ÖNÜMLERIŇ GÖRNÜŞLERI ARTÝAR
Daşoguz şäheriniň Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasy önüm görnüşleriniň üstüni täzeleri bilen doldurdy. Bu ýerde dokalmadyk matadan tikilen stamotologik öňlügiň önümçiligi özleşdirildi. Bu täze önüm diş bilen baglanyşykly dürli amallar we bejergiler, barlaglar ýa-da gözden geçiriliş pursadynda ulanmak üçin niýetlenendir. Bu ýerde, şeýle hem, bejeriş-öňüni alyş ýardamy amala aşyrylanda, şol sanda, hirurgik çäreler geçirilende, amal, bejeriş we sargy otaglarynda ulanylýan...
“MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY” HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda ýakyn wagtda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde gatnaşyjy-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän 15-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmegiň çäklerinde wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyga şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda meýilleşdirilýän...
TÜRKMENISTANDA HALKARA FESTIWAL GEÇIRILÝÄR
Şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalyň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän giň gerimli döredijilik çäresi köpöwüşginli milli medeniýetimiziň özboluşlylygyny, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyny açyp görkezmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz pederlerimizden...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKSOÝ-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK
2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşdylar hem-de onuň ileri tutulýan ugurlaryna seredip geçdiler. Şol bir wagtda, taraplar türki dilli halklaryň baý medeni mirasynyň goranyp saklanylmagyna, öwrenilmegine we dünýäde ýaýbaňlandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň TÜR...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GURLUŞYK IŞLERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň gurluşyk işleri boýunça Hökümetara geňeşiniň Kazanda geçen XLIII mejlisine gatnaşdy. Bu çäre II Halkara gurluşyk çempionatynyň çäginde gibrid görnüşinde geçirildi. Wekiller Arkalaşyga girýän ýurtlaryň gurluşyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşant goşýan ägirt uly mümkinçiligini belledi. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, wajyp ykdysady meseleleri çözmekde gurluşyk işleri boýunça Hökümetara geňeşiň çägin...