SOŇKY HABARLAR
JEMGYÝETIMIZIŇ DEMOKRATIK ESASLARYNY BERKIDIP
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalyň bu sanyndaky makalalar şanly senä — Watanymyzyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlandy. Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda — 9-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, Tü...
TÜRKMEN-RUS STRATEGIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ ŞERTNAMA-HUKUK BINÝADY BERKIDILÝÄR
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Türkmenistana resmi saparyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Şol resminamalaryň hatarynda: – Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda Ylalaşyk; – Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etme...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI
2023-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň çäginde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň depginli häsiýetini nygtady. Syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem möhüm üns berilýär. Russiýa Federasiýasynyň subýektleri bilen gat...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY
Üstümizdäki ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen duşuşygynyň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny türkmen topragynda mähirli mübärekläp, türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp bolan d...
TÜRKMEN-TATAR GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRMEGIŇ GELJEKKI UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Türkmen-tatar gatnaşykl...
TÜRKMEN-RUS IŞEWÜRLIK MASLAHATY
2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirildi. Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi. Wekiliýetiň düzüminde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy h...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli...