SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN GAZ PUDAGY KÄMILLEŞDIRÝÄR
Türkmenistanda satlyk gaz ätiýaçlyklaryny üpjün etmek maksady bilen, ilkinji gezek ýerasty ammar desgalaryny gurmak boýunça taslama durmuşa geçiriler. Ony durmuşa geçirmek işine halkara tejribesine laýyklykda iş alyp barmagy, şeýle hem tehniki-ykdysady esaslandyryşy, taslamany taýýarlamagy, enjamlaşdyrmagy we gurluşyk işlerini amala aşyrmagy üçin, halkara geňeş kompaniýalary çekmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ägirt uly gaz goruny ýurdumyzyň içinde tygşytly we netijeli ulanmakda, şeýle hem eksport...
2022-NJI ÝYLYŇ DEKABRY: TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASY BAŞLANGYÇLARYNDAN UGUR ALYP
Geçen ýylyň soňky aýy halkara ähmiýetli wakalara baý boldy. Dekabr aýynda geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki duşuşyklar, gepleşikler, maslahatlar Garaşsyz Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Açyk gapylar» syýasatyndan ugur almak bilen, sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Dekabr aýy ähmiýetli waka bilen başlandy. Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlaryndaky oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda...
TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK BOÝUNÇA MERKEZI TOPARYŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ol Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek baradaky meselelere bagyşlandy. Mejlise merkezi saýlaw toparlarynyň agzalary, merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, ýurdumyzyň syýasy partiýalaryny...
ELEKTRIK ENERGIÝASYNYŇ ÖNDÜRILIŞI ÝOKARLANÝAR
Garaşsyzlyk ýyllarynda kuwwatlylygy düýpli artdyrylan Balkanabat döwlet elektrik bekediniň täze önümçilik desgalarynda elektrik energiýasynyň öndürilişi üç essä barabar artdyryldy. Netijede, bu beket ýurdumyzda kuwwatlylygy boýunça elektrik energiýasyny öndürýän güýçli gaz turbinaly desgalaryň birine öwrüldi. Kärhanada geçen ýylyň jemi boýunça 2,2 milliartdan gowrak kilowatt sagat elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere bökdençsiz ýetirildi. Munuň özi, geçen ýylyň iş meýilnamasynyň 108,...
TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ DAŞKY GURŞAW BOÝUNÇA MAKSATNAMASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň BMG-n...
TÜRKMENISTANYŇ NIDERLANDLARDAKY WE LÝUKSEMBURGDAKY ILÇISI WEZIPÄ BELLENILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.B.Palwanow hakynda Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 14-nji ýanwary. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.B.Palwanow hakynda Türkmenistan...