SOŇKY HABARLAR
AHALYŇ TÄZE MERKEZI – «AKYLLY» ŞÄHER
Ahal welaýatynyň gurluşygy dowam edýän dolandyryş merkeziniň birinji tapgyry geljekki şäheriň nusgasy ýaly görünýär, çünki bu ýerde binadyr desgalar toplumy gurulmak bilen bir wagtda, häzirkizaman köp ugurly we rahat ýaşaýyş gurşawy emele getirilýär. Merkeziň gurluşygynyň birinji tapgyrynda gurluşykçylar 700 gektara golaý meýdanda 384 desganyň, şol sanda 12 müňden gowrak maşgalanyň ýaşajak 258 jaýyny bina edipdir. 64 sany dolandyryş we jemgyýetçilik binasynyň, lukmançylyk we sport desgalaryny...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDA GELEŞIKLERIŇ JEMI BAHASY ABŞ-NYŇ 38 MILLION 781 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gonkongyň, Gruziýanyň we Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, nebitden ýol bitumyny satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini...
ÝURDUMYZYŇ FUTBOL BOÝUNÇA KUBOGYNYŇ – 2022 ÝARYM FINALYNYŇ OÝUNLARY
Türkmenbaşynyň «Şagadam», Aşgabadyň «Altyn asyr» we «Köpetdag» toparlary futbol boýunça Kubogynyň – 2022 ýarym finalyna çykmak mümkinçiliklerini görkezdiler. Olar 1/4 finalyň ilkinji oýunlarynda garşydaşlaryndan üstün çykdylar. Kubogyň häzirki eýesi «Şagadam» Marynyň «Energetigini» 3:1 hasabynda utdy. Ýeňijilerden Mekan Aşyrow (23-nji minut), Kerim Hojaberdiýew (54-nji minut) we Akmämmet Metdaýew (83-nji minut) tapawutlandylar. «Energetigiň» oýunçysy Meýlis Durdyýew 60-njy minutda jogap pökgü...
GARAŞSYZLYK – WATANYMYZYŇ ŞÖHRATY
Şeýle at bilen Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli sergi açyldy. Serginiň gymmatlyklary ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejesine şaýatlyk edýär. Bu ýerde ak mermerli paýtagtymyzyň, täze obalaryň, halk hojalygy binalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen gözel ýerleriniň fotosuratlary goýlupdyr. Türkmen halyçylarynyň dokan eziz Diýarymyzyň gözelligini şekillendirýän haly pannosy sergä aýratyn b...
«HOŞBOÝ YSLY GÜÝZ» KONSERTI
?Hoşboý ysly Güýz» – Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesow 2022-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda geçiriljek konserte şeýle liriki at beripdir. Şol agşam konsertde «Türkmenistanyň Altyn Asyry» baýragynyň eýesi Döwletmämmet Ökdirow we Eziz Jumanyýazow dirižýorlyk ederler. Röwşen Nepesowyň özi bolsa fortepiano çalar. Konsertde Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewa, «Türkm...
KEÝIK OKARASY – YLMY DUŞUŞYGYŇ MOWZUGY
Keýik okara (ferula) dermanlyk ösümligi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýakynda geçirilen nobatdaky ylmy duşuşygyň mowzugy boldy. Dünýäde keýik okara ösümliginiň 200-e golaý görnüşiniň bardygy, şolaryň 50-den gowragynyň ýurdumyzyň tebigy künçeklerinde duş gelýändigi ylmy çykyşlarda bellenildi. Ol bejeriş maksatlary bilen, dermançylykda giňden ulanylýar. Keýik okaranyň käbir görnüşlerinden şire, şepbik, efir ýagy alynýar. Onuň süýji gül baldagy iýmitde ulanylýar, kökün...
ÝAŞ TÜRKMEN TÜRGENI KARATE BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNDA 4 ALTYN MEDAL GAZANDY
Anna güni Çehiýanyň Pardubise şäherinde başlanan Şotokan karate boýunça 12-nji dünýä çempionatynda ýaş türkmen türgeni Öwezmyrat Sapadurdyýew 4 altyn medal gazandy. Ýaryş 31 ýurtdan türgenleriň 733-sini bir ýere jemledi. Olar üç günüň dowamynda dürli ýaş aýratynlyklary boýunça we agram derejelerinde kata (maşklaryň görkezilmegi – göze görünmeýän garşydaş bilen söweş) hem-de kumite (başa-baş söweş) görnüşlerinde baýraklar toplumynyň 246-sy ugrunda güýç synanyşarlar. DÇ-2022-niň birinji günü...