SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN FILMLERI DAŞKENT FESTIWALYNA GATNAŞÝAR
Oguzhan adyndaky«Türkmenfilm» birleşiginiň wekilýeti 13-18-nji sentýabr aralygynda Daşkent şänerinde geçiriljek «Ýüpek ýolunyň merjeni» XIV halkara kinofestiwalyna gatnaşar. Daşkent kino baýramynda dünýäniň 40 ýurdundan çeper, dokumental we gysga metražly filmleriň 150-si görkeziler şeýle hem kino önümçiligine, bilimine, kinofilmleri görkezmäge, filmleri surata düşürmäge degişli çäreleriň 20-den gowragy geçiriler. Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna Takeşi Kitano, Armand Assante, Burak Ozçewit,...
TÜRKMENISTAN HAZARÝAKASY ÝURTLAR BILEN YNSANPERWER GATNAŞYKLARYNY ÖSDÜRÝÄR
Sentýabryň ilkinji on günlüginde Astrahan şäherinde Hazarýaka döwletleriniň arasynda medeni we maglumat gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen birnäçe çäre geçirilýär. 2 – 12-nji sentýabr aralygynda geçiriljek «Opera First 2022» Halkara nusgawy sungat festiwalynyň çäginde Astrahanyň filarmoniýasynyň zalynda «Türkmenistanyň güni» atly konsert boldy. Onda opera aýdymçysy Darýa Guseýinowanyň we pianinoçy Mämmet Guseýinowyň ýerine ýetirmeginde türkmen kompozitorlarynyň eserleri, kompozitor Jeren...
TÜRKMEN TALYPLARY SOÇI OLIMPIADASYNYŇ FINALYNDA ÇYKYŞ EDERLER
Türkmenistanly talyplar topary Russiýa Federasiýasynyň müdirligi we ministrlikleri – Maliýe gözegçiligi boýunça Federal gullugy, Bilim ministrligi, şeýle hem Ylym we ýokary bilim ministrligi bilen bilelikde gurnalan maliýe howpsuzlygy boýunça Halkara olimpiadanyň finalynda ýurdumyzyň adyndan çykyş ederler. 10 adamdan ybarat milli topar şu ýylyň maý aýynda geçen olimpiadanyň deslapky çäreleriniň netijeleri boýunça döredildi. Saýlaw synaglarynda öz bilimlerini üstünlikli görkezen ýeňijiler we b...
TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY
Şu ýylyň 7-8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Daşkent şäherine iş sapary body. Saparyň çäklerinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň başlyklarynyň, ýagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary – Maýa goýum we daşary söwda ministri Žamşid Hojaýewiň...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar döwletara gatnaşyklary ösdürmekde iň ýokary we ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti bellenildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny has-da giňeltmegiň zerurlygy beýan edildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen duşuşyg...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KUWEÝT DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Kuweýt Döwletiniň Daşary işler ministri, Kuweýt Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça Döwlet ministri Şeýh Ahmed Nasser Al Mohammed Al Sabah bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna seredip geçdiler. Ýola goýlan netijeli dialogy mundan beýläk hem ösdürmekde özara gyzyklanmalaryny belläp, taraplar ykdysadyýet we maýa goýum ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselel...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KATAR DÖWLETINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al-Tani bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny has-da ilerletmek maksady bilen ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Şeýle hem, taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler. Sebit he...