RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Awg

TÜRKMEN DZÝUDOÇY ALTYN MEDAL GAZANDY

Türkmen dzýudoçysy Mekan Baýramow Türkiýäniň Sakarýa şäherinde tamamlanan “30 Agustos Zafer Haftası Uluslararası Valilik Kupası” atly halkara ýaryşynda altyn medal gazandy. 100 kg. agramda çykyş eden ildeşimiz bu üstünlige finalda Rejep Çimeniden (Türkiýe) üstün çykyp ýetdi. Bu ýaryş milli baýramyň – Türkiýede 30-njy awgustda bellenýän Ýeňiş Gününiň 100 ýyllygy mynasybetli Sakarýanyň şäher häkimligi gurady. Türkmen dzýudoçylary 3-4-nji sentýabrda Awstriýanyň Oberwart şäherinde geçirilje...

DOWAMY
pic
30 Awg

TÄZE BINALAR GURULÝAR

?Derkar» hojalyk jemgyýeti Daşoguz şäherinde jemi 80 hojalyga niýetlenen dört gatly jaýyň birbada dördüsini gurýar. Biri-birine sepleşik täze binalar şäheriň merkezinde, S. Türkmenbaşy şaýolunyň Alp Arslan köçesi bilen kesişýän ýerinde ýerleşýär.  Häzirki wagtda olaryň üçüsinde daşky we içki timarlaýyş işleri alnyp barylýar, dördünjisiniň bolsa diwarlary galdyrylýar. Ýaşaýyş üçin amatly meýilleşdirilen öýleriň otaglary giňligi we beýikligi bilen tapawutlanýar. Olaryň iň ulusynyň umumy meýdany...

DOWAMY
pic
30 Awg

TÜRKMENISTANYŇ WE KATAR DÖWLETINIŇ DIM-LERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

Şu gün, 30-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Geçirilen telefon arkaly gepleşikleriň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ugurlarynyň giň gerimi boýunça pikir alşyldy. Ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň oňyn häsiýeti bellenilip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy görkezijisiniň ýokary derejedäki gepleşikler bolup durýandygy aýratyn n...

DOWAMY
pic
30 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “GAZPROM” AÇYK GÖRNÜŞLI PAÝDARLAR JEMGYÝETINIŇ MÜDIRIÝETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 29-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de öz ýolbaşçylyk edýän iri energetika kompaniýasyny...

DOWAMY
pic
30 Awg

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2022-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy Russiýanyň IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeni bilen sylaglanmagy bilen mähirli gutlap, şu mynasybetli Prezident Wladimi...

DOWAMY
pic
29 Awg

TDHÇMB-NYŇ SÖWDA GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 5 MILLION 475 MÜŇ DOLLARYNA BARABAR BOLDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri bolsa, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 million 475 müň dollaryna barabar boldy. Ýur...

DOWAMY
pic
29 Awg

KÖRPELERE AJAÝYP SOWGAT

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Hojadepe obasynda mekdebe çenli çagalara degişli täze binanyň gurluşygy tamamlandy. “Gül parça” hususy kärhanasynyň bina eden 320 orunlyk bu çagalar bakja-bagy Mary welaýatynda bar bolan mekdebe çenli çagalar edaralaryna degişli uly binadyr. Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň maglumatyna görä, 320 orunlyk çagalar baglarynyň birnäçesi öňden bar bolsa-da, ýakynda işe giriziljek bu täze bakja-bagynyň binagärlik durkunda ençeme aýratynlyklaryň, esasan hem dür...

DOWAMY