SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLERIŇ ULAG MINISTRLERINIŇ DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHATDAKY ÇYKYŞY
Hormatly wekiliýetleriň ýolbaşçylary! Hanymlar we jenaplar! Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygymyzy kabul edendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin! Bu foruma otuzdan hem köp döwletden ulag edaralarynyň ýolbaşçylary wekilçilik edýärler. Şeýle hem halkara guramalaryň, maliýe institutlarynyň, bilermenler jemgyýetiniň onlarçasyny...
FUTBOL: TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONATYNDA «MERW» ÖŇE SAÝLANDY
Üçünji tapgyryň netijesine laýyklykda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňdebaryjy topar belli boldy. Öz meýdançasynda «Ahal» toparyny 2:1 hasabynda utan «Merw» öňe saýlandy. «Merw» toparyndan Döwletmyrat Döwletmyradow (15-nji mnutda) we Daýanç Orazgulyýew (62-nji minutda), «Ahal» toparyndan Merdan Muhadow (71-nji minutda) tapawutlandylar. Meýdança eýeleri has uly hasap bilenem utup biljekdi. Ýöne «Merwiň» oýunçysy Begenç Allamow 43-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup b...
GUTERRIŞ DURNUKLY ULAG HEREKETLERINDE TAGALLALARY BIRLEŞDIRMÄGE ÇAGYRDY
Türkmenistanda geçirilýän deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterriş ýüzlendi. Ýüzlenmäni BMG-niň Baş Sekretarynyň orunbasary we Az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili hanym Rabab Fatima okady. BMG-niň Baş Sekretarynyň iberen ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Hökümetine we maslahata gatna...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ULAG ULGAMYNDA TÄZE HALKARA BAŞLANGYÇLARY ÖŇE SÜRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ulgamynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlar barada Hazar deňziniň Türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde öz işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyna iberen wideo ýüzlenmesinde belledi. «Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda ul...
TÜRKMENISTANDA DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLERIŇ ULAG BOÝUNÇA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün, 2022-nji ýylyň 15-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty gibrid görnüşinde öz işine başlady. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan foruma 40 golaý döwletleriň hem-de halkara guramalaryň 30-dan gowragynyň wekiliýetleri gatnaşýarlar. Bu çäre şeýle hem BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylaryny, abraýly halka...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI GÜNORTA AFRIKA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2022-nji ýylyň 11-nji awgustynda Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentiniň Sefako Makgato adyndaky ýokary wezipeli myhmanlary kabul ediş öýünde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepowyň Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa Türkmenistanyň GAR-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Nur-Sultan ş.) hökmünde ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi B.Rejepo...
TÜRKMEN TÜRGENLERI V YSLAM RAÝDAŞLYGY OÝUNLARYNDA ÝEDI MEDAL GAZANDYLAR
Türkmen türgenleri Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda ýedi medal eýelediler. Türkmenistanyň toparyndan Ý. Jumabaýewa silterläp, itekläp götermekde jemi netijede ilkinji üç bürünç medaly eýeledi, ony geçen ýylyň ýanwarynda Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) 45 kg çenli agramda zenanlaryň arasynda 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň ýeňijisi diýip yglan etdi. Konýada Ý. Jumabaýewa 49 kg çenli olimpiýa agramynda çykyş edip, iki synanşygyň netijesi boýunç...