RSS

SOŇKY HABARLAR

27 Mar

Türkmenistanyň DIM-nde Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş Sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda ministr türki döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ulgamlaýyn esasda giňeltmek we pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşar...

DOWAMY
25 Mar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi

2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň awtordaşlary bolup 86 döwlet çykyş etdi.

DOWAMY
21 Mar

Rimde halkara guramalarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara oba hojalygyny ösdürmek gaznasynyň Prezidenti Alwaro Lario bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.   Şol gün türkmen wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary Maurisio Martina bilen duşuşygy geçirild...

DOWAMY
19 Mar

Türkmenistan Ýewropanyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

2024-nji ýylyň 18-nji martynda Brýusselde Ýewropanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen tegelek stoluň çäginde, Türkmenistan we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Umumy gepleşikleri dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Ýewropa guramalary we kompaniýalary bilen birnäçe aýratyn duşuşyklary geç...

DOWAMY
18 Mar

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýa Patyşalygyna sapary başlandy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 17-19-njy marty aralygynda Belgiýa Patyşalygynda iş sapary bilen bolýar. Saparyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynda, Ýewropa Geňeşinde we Brýusselde ýerleşýän beýleki halkara guramalarynda, degişli ministrlikler we pudak edaralary, söwda-ykdysady gurluşlary we işewür toparlary, şeýle-de ençeme ýewropa kompaniýalary bilen duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Meýilleşdirilýän duşuşyklary...

DOWAMY
15 Mar

Ženewadaky halkara meýdançalarynda Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlary beýan edildi

2024-nji ýylyň 13-14-nji martynda Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde saparda boldy. Saparyň çäginde 13-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy  tarapyndan çagyrylan Durnukly ösüş boýunça sebit forumynyň ýokary derejeli çäresine gatnaşdy. Çäräniň dowamynda çykyş eden türkmen wekiliýetiniň başlygy, 2030-njy ýyl üçin halkara gün...

DOWAMY
13 Mar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 12-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy, duşuşygyň dowamynda geňeşiniň mejlisiniň jemleri jemlenildi, guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Aksakgallar geňeşiniň Başlygy B.Ýyldyrym nobatdaky forumyň ýo...

DOWAMY