SOŇKY HABARLAR
MÖHÜM TEHNOLOGIÝALAR – AGROTEHNIKANYŇ BÄHBITLERINE
?Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýeti polimer çig maldan önümiň täze görnüşlerini özleşdirýär. Ýakyn wagtda damjalaýyn suwaryş üçin abzallary öndürýän bölüm, döwrebap awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen üpjün ediler. Olar suwuň we döküniň harçlanyşyny ep-esli azaldar, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrar, suwaryş wagtyny tygşytlar. Telekeçileriň satyn alan enjamlarynda abzallaryň iki görnüşini – bag-bakjalary suwarmak üçin togalak, gowaça, ýeralma, sogan hem-de beýleki ekin meýdanlaryny suwarmak...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARYŇ GELJEKKI MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 14-15-nji iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäginde iň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ HHR-NYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüş depginini kanagatlanma bilen belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Diplomatlar Türkmenistanyň Milli G...
DAŞKENTDE “OWGANYSTAN: HOWPSUZLYK WE YKDYSADY ÖSÜŞ” ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 26-njy iýulynda Daşkentde “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahat geçirildi. Forumyň işine resmi wekiliýetler, alymlar we ylmy barlagçylar, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Eýranyň, Pakistanyň, Hindistanyň we Belgiýanyň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary we bilermenleri, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň ýolbaşçylary we hünärmenleri hem-de Ow...
TÄZE KÖPRI GURLAR
Ukrainanyň «Altkom» gurluşyk kompaniýasy meşhur Garabogaz kölüni Hazar deňzi bilen birleşdirýän bogazyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygyna başlar. Gol çekilen resminamalara laýyklykda Türkmenbaşydan Gazagystanyň serhedine çenli köpriniň gurluşygy 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlanyp, 2024-nji ýylyň iýun aýynda doly tamamlanar. «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň taslama institutynyň hünärmenleriniň taslamasy boýunça ol uzynlygy 354 metr, ini 17 metr we aýlagdan 7 metr beýiklikdä...
TÜRKMENISTANYŇ TOPARY «AZIÝANYŇ ÇAGALARY» VII HALKARA SPORT OÝUNLARYNA GATNAŞAR
Şu gün Türkmenistanyň topary 13-16 ýaşly türgenleriň arasynda 27-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda Wladiwostokda geçiriljek «Aziýanyň çagalary» VII Halkara sport oýunlaryna gatnaşmak üçin ugrady. Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde habar berlişine görä, Türkmenistanyň wekiliýetiniň hatarynda jemi 85 adam, şol sanda 62 türgen, 16 tälimçi, basketbol boýunça 1 emin, şeýle hem sport görnüşleri boýunça toparlaryň wekilleri we resmi adamlar bar. Oýunlara 15 döwletden, şeýle hem Russiýanyň...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA MILLI TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 25-nji iýulynda Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa bu toparyň, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri we geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi. Çy...