SOŇKY HABARLAR
«TÜRKMENENERGO» DÖWLET ELEKTROENERGETIKA KORPORASIÝASYNA «ÇALIK ENERJI SANAÝI WE TIJARET A.Ş.» KOMPANIÝASY BILEN ŞERTNAMANA BAGLAŞMAGA YGTYÝAR BERILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagy ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuw...
TÜRKMENISTANYŇ FUTZAL BOÝUNÇA SUPERLIGASYNDA «DEŇIZÇI» TOPARY ÖŇE ÇYKDY
Aşgabatda dowam edýän Türkmenistanyň futzal boýunça Superligasynda ýurdumyzyň häzirki çempiony «Deňizçi» topary dördünji tapgyryň netijeleri boýunça öňe çykdy. «Deňizçi» topary «Senagatbank» toparyndan 7:1 hasabynda üstün çykdy. Çempionlyk ugrundaky göreşde onuň esasy garşydaşlary bolan «Köpetdag» we «Gümrükçi» öz aralarynda 4:4 hasabynda deň oýnadylar. Beýleki duşuşykda Türkmenbaşy şäheriniň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň topary Superligada ikinji gezek çykyş edýän «Daşoguzy»...
«KÖPETDAG» BIŞKEKDE GYRGYZYSTANYŇ «DORDOÝ» TOPARYNY UTMAK BILEN, AFK KUBOGYNDA ILKINJI ÝEŇŞINI GAZANDY
AFK Kubogynyň täze oýunçysy Türkmenistanyň «Köpetdag» futbol topary, Gyrgyzystanyň 13 gezek çempiony «Dordoýy» 1:0 hasap bilen utdy. Oýun Bişkek şäheriniň Dolen Omurzakow stadionynda geçdi. Onda pleý-off-a çykmak üçin «F» toparda üç klub bäsleşdi. «Köpetdag» birinji tapgyrda Täjigistanyň wise-çempiony «Hujantdan» 1:3 hasabynda asgyn gelmek bilen, ýaryşy şowsuz başlady. Şri Lankaly emin Niwon Robişiň oýnuň başlanandygyny habar berýän jürlewügi bilen, ýer eýeleri hüjüm edip başladylar. Ga...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KANADANYŇ GENERAL-GUBERNATORYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, hanym Meri Saýmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Kanadanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64525/turkmenistanyn-prezidenti-kanadanyn-general-gube...
AWAZADA GÄMILI GEZELENÇ WE KIÇI GÄMILERIŇ MUZEÝI
?Awaza» milli syýahatçylyk zolagy myhmanlaryna köp sanly güýmenje hyzmatyny: attraksionly seýil baglaryny, welotrekleri, aýdym aýdýan çüwdürimleri, akwaparklary, ýaht-klublary we başga-da köp zatlary teklip edýär. Tomus dynç alşynda baryp boljak gyzykly ýerleriň arasynda ‒ muzeýiň «Gämiler dünýäsi» atly sergi otagy-da bar. «Awaza» atly emeli derýanyň kenarynda muzeýiň gämiler sergisi bar. Toplumda iň meşhur gämileriň ‒ Britaniýanyň transatlantik «Titanik» bug gämisinden başlap, harby-deňiz gä...
TÜRKMENISTAN HAZAR SEBITINDE YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGE ÇAGYRÝAR
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow altynjy Hazar Sammitindäki çykyşynda Ykdysady ulgam Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ulgam köptaraplydyr we ulag, logistika, kommunikasiýalar, energetika, önümçilik taýdan ýakynlaşmak ýaly ulgamlary we beýleki köp ugurlary öz içine alýar. «Men Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merke...
TÄZE OKUW ÝYLYNA TÄZE LYBASLAR
Türkmenistanyň dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzda ýerleşýän “Çeper” tikin fabriginiň işgärleri mekdep lybasynyň biri bolan milli nagyşly tahýanyň synag toplumyny tikip gutardy. Toplumy taýýarlamak kärhananyň bir wagtyň özünde 18-e çenli tahýa tikmäge mümkinçilik berýän täze enjam satyn almagy netijesinde mümkin boldy. Täze enjamy köpçülikleýin önümçilige girizmek göz öňünde tutulýar. Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäginde bu ýerde gyzlar üçin owadan öňlükler, ýakaly mekdep köýnekleri we pe...