SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HHR-IŇ HÖKÜMETINIŇ ÝEWRAZIÝA IŞLERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçy...
“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY
Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen makalalarda giň okyjylar köpçüligi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrylýar. Žurnalyň bu gezekki sany hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň...
ÖNÜMÇILIGIŇ MÖÇBERI ARTDYRYLÝAR
Daşoguz welaýatynda atyzlardan ýeralmanyň bol hasyly ýygnaldy. Geçen ýyllardan tapawutlylykda bu ýerde ýeralma diňe baharda ekildi. Şunda onuň meýdany has-da artdyrylyp, ilkinji gezek 8800 gektara ýetirildi. Ekerançylaryň baş maksady ýeralmanyň hasyllylygyny her gektardan 140 sentnere ýetirip, geçen ýylkydan üç esse köp ýeralma ýygnamakdy. Bu ekini ýetişdirmekde toplanan tejribe, ýerden we suwdan rejeli peýdalanylmagy, sebit üçin has ýaramly ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly görnüşlerin...
TÜRKMENISTANDA “AK ALTYN” KERWENINE BADALGA BERILDI
Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk çäresi — pagta ýygymy möwsümi başlandy. Ministrler Kabinetiniň 2-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişildi. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymy 14-nji sentýabrda başlanar. Pagta ýygymy möwsüminiň döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, hormatly ýaşulular tarapyndan başynyň başlanmagy türkmen ekerançylarynyň asylly däbi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄZE ZELANDIÝANYŇ GENERAL-GUBERNATORYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygy...
TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞLAR ÝYGYNDY TOPARY (U-20) AZIÝA KUBOGY-2023-E SAÝLANMA TAÝÝARLYGYŇ ÇÄGINDE BAE-NIŇ KLUBYNY ÝEŇDI
Türkmenistanyň ýaşlar (20 ýaşa çenli) ýygyndy topary Aziýa Kubogy-2023-iň saýlama ýaryşyna taýýarlygyň çägine Dubaýda geçen ýoldaşlyk duşuşygynda BAE-niň birinji bölüminde oýnaýan «Fursan Hispaniýa» klubyny 4:3 hasabynda ýeňdi. Oýun çekeleşikli geçdi. Türkmen topary eýýäm oýnuň 2-nji minutynda Süleýman Mirzoýewiň geçiren goly bilen hasaby açmagy başardy. Bäş minutdan soň Daýanç Meredow Türkmenistanyň ýaşlar toparynyň artykmaçlygyny iki pökgä çenli artdyrdy. 10-njy minutda «Al-Fursan» bir joga...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BILIMI ÖZGERTMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY SAMMITE GATNAŞMAGY MEÝILLEŞDIRIÝÄR
Türkmensitanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň howandarlygynda 16-19-njy sentýabrda Nýu-Ýorkda geçiriljek dünýä bilim ulgamyny özgertmek meselelerine bagyşlanan Ählumymy sammite gatnaşmagy göz öňünde tutýar. Sammit pandemiýadan soň bilime köpçülikleýin ygrarlylygy gaýtadan dikeltmäge, ykdysadyýeti we jemgyýeti özgertmäge hem-de durnukly ösüş ulgamynda ösüşi çaltlandyrmaga gönükdirilen dikeldiş boýunça has giňişleýin tagallalar arkaly bilime esasy orun bermäge niýetlenendir. Türkmenistan milli bilim ul...