SOŇKY HABARLAR
Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 26-27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik dialogyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy we ýokary derejede yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň...
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine garaldy
2025-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Tokio şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, ýapon tarapyna Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça ýörite wekili Masaki Işikawa ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli toplumy boýunç...
Türkmenistanyň Nepal Federatiw Demokratik Respublikasyndaky Ilçisi ynanç hatyny gowşurdy
2025-nji yylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Nepal Federatiw Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Nýu-Deli şäheri) Ş.Geldynazarow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ramçandra Paudela ynanç hatlaryny gowşurdy. Prezident Ramçandra Paudel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi....
2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine we 2025-nji ýylda bilelikdäki işleriň geljegine bagyşlanan metbugat maslahaty
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde 2024-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerine we 2025-nji ýylda bilelikdäki işleriň geljegine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň we ÝB-niň taslamalarynyň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň...
Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda konsullyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Hindistanyň konsullyk gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem bu ugurda bilelikdäki taslamalary we başla...
Türkmenistanda Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kristofer Daggandan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçini Türkmenistanda diplomatik wezipä girişmegi bilen gutlap, oňa iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi. Kanadanyň doly ygtyýarly wek...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Buig» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle-de ol Pre...