RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Maý

TÜRKMENISTAN WE EÝRAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ GIŇELDILMEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2022-nji ýylyň 23-nji maýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde netijeliligi ýokarlandyrmak we tanymallygy artdyrmak boýunça geçirilen mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygyň, öňi bilen energetika, ulag we üstaşyr ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslajatlaşdylar...

DOWAMY
pic
25 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GRUZIÝANYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti hanym Salome Zurabişwilä we ýurduň ähli halkyna Gruziýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Salome Zurabişwilä berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Gruziýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady (turkmenistan...

DOWAMY
pic
25 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ABŞ-NYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene Tehas ştatynyň Ýuwald şäherindäki başlangyç mekdepde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu waka sebäpli ençeme çagalaryň pida bolmagy has-da gynançlydyr. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjy...

DOWAMY
pic
25 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ORTA MEKDEPLERINDE “SOŇKY JAŇ” MYNASYBETLI DABARALAR GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Watanymyzyň ähli künjeklerinde belent maksatlara ýetmäge ruhlanan ýaş oglan-gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşyndaky ýatdan çykmajak waka — okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi. Olar mekdep ýyllarynda ähli ulgamlarda özlerini kämilleşdirmek üçin ygtybarly binýada öwrülen köptaraplaýyn bilim aldylar. Uçurymlaryň köpüsi eýýäm geljekki hünärini saýlamagy başardylar. Ýaşlar...

DOWAMY
pic
25 Maý

“AK ŞÄHERIM AŞGABAT” ATLY XXI KÖPUGURLY HALKARA SERGI

Şu gün türkmen paýtagtynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Bu gözden geçiriliş ýurdumyzyň baş şäherini şähergurluşyk ulgamynda mundan beýläk-de ösdürmekde gazanylanlary hem-de geljekki mümkinçilikleri açyp görkezmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berer. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp geçirilýän bu gözden geçiriliş paýtagtymyzyň gözel keşbi...

DOWAMY
pic
25 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IORDANIÝANYŇ PATYŞASYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýne hem-de ýurduň ähli halkyna Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Abdulla II bin Al Husseýne tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk, Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw etdi....

DOWAMY
pic
24 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASY BOÝUNÇA BILELIKDÄKI UTGAŞDYRYJY TOPARYŇ MEJLISI

2022-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki utgaşdyryjy toparyň mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri hem-de Aşgabatdaky BMG-niň düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlis...

DOWAMY