SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA KONKUR BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI
Aşgabadyň atçylyk sporty toplumynyň açyk manežinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryş geçirildi. Ir säherden tomaşaçylar münberi doldurdylar. Sebäbi konkur atçylyk sportynyň gyzykly görnüşi. Aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köpüsi ýakyn aralykdan ahalteke bedewleriniň güýjüne, owadanlygyna we nepisligine ýakyndan syn etmek üçin ýaryşlara tomaşa etmäge ýygnandylar. Ýaryşdan öňünçä çapyksuwarlar kiçi türgenelşik a...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün, 22-nji aprelde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda diplomatlar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Döwlet Baştutanlarynyň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan Gutlag hatlaryny alyşdylar. Ministr şeýle-de, 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde geçir...
“MERKEZI AZIÝA – RUSSIÝA” FORMATDA DAŞARY SYÝASAT EDARALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ BÄŞINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatda Daşary işler ministrleriniň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlise Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Ruslan Kazakbaýew, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Sardor Umurzakow we R...
MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-ITALÝAN IŞ TOPARYNYŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 21-nji aprelinde Medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Italýan Iş toparynyň ilkinji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Gepleşikler Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde gurnaldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasarynyň baştutanlygyndaky Iş toparynyň Türkmen tarapynyň wekiliýetine durmuş-medeni pudagynyň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň barşynda Italiýanyň Medeni miras, medeni gatnaşyklar we syýahatçylyk ministrli...
TÜRKMENISTANYŇ TARYHY BINALARYNYŇ INTERAKTIW KARTASY
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik döwlet gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalr merkeziniň Geografik maglumatlar ulgamy (GMU) laboratoriýasynyň EHM üçin progammasyny işläp taýýarlan toparyna 218 belgili awtorlyk şahadatnama gowşurdy. Bu laboratoriýanyň alymlary we hünärmenleri geografik maglumatlar ulgamyndan peýdalanyp, Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleriniň interaktiw kartasyny düzdüler, ol ýurdumyzyň çägindäki orta asyrlar we a...
“MILLI ULGAM” SANLY ULGAMYŇ MÜMKINÇILIKLERINI ÖZ IÇINE ALÝAN DÜRLI ÇÖZGÜTLERI HÖDÜRLEÝÄR
“Milli ulgam” hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýyldan bäri sanly ulgamyň mümkinçiliklerini öz içine alýan “akylly” şäher çözgüdini alyp barýar. Bu ýerde 30-a golaý IT hünärmenler zähmet çekýär. “Milli ulgam” özüniň alyp barýan işleriniň çäginde “akylly” ulgamlary gurnamak üçin telekom infrastruktura çözgütlerini hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy habar berýär. “Milli ulgamyň” taslamalarynyň ýene biri “akylly” öý taslamasy bolup, ol yşykla...
SÖWDA BOÝUNÇA “TEGELEK STOL” MASLAHATY
2022-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň ýanyndaky Täjirçilik hukugynyň ösüş maksatnamasy (CLDP) tarapyndan wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan “tegelek stol” maslahatynyň işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär. Maslahatda, CLDP-niň bilermenleri elektron söwdadaky päsgelçilikleri aradan aýyrmak we elektron söwdanyň ösdürilmegi üçin zerur bolan hukuk esaslaryny döretmek boýunça halkara...