SOŇKY HABARLAR
Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
2024-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Çärä Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanyn...
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2024-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Niýaz Çardakliýadan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Öz gezeginde Ilçi Bosniýa we...
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerinde alny...
Türkmenistan we TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýärler
2024-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary kesgitlenildi. Taraplaryň özara pikirine görä, soňky ýyllarda Türkmenistan...
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri B.Saidowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar iň ýokary derejedäki dostlukly we ynamdar syýasy gepleşiklere esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösüşini bellediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbe...
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Taraplar Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we...
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýettiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar esasan hem söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika we beýleki ugurlarda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň konstruktiw häsiýetini bellediler. Amerikan tarapy Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyndan bäri Türkmenistanyň howanyň ü...