img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNA UGRADY

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Hytaýyň paýtagty Pekin şäherine ugrady. Bu ýerde milli Liderimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasyna ugrady (turkmenistan.gov.tm)

DOWAMY
pic
3 Few

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AWTOMOBIL ÝOLLARYNYŇ GURLUŞYGYNY DOLANDYRMAK BARADAKY DÖWLET AGENTLIGINI DÖRETMEK HAKYNDA PERMANY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin: 1. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmeli. 2. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini üýtgedip guramak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 477-nji Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gurlu...

DOWAMY
pic
3 Few

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm wezipelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz ber...

DOWAMY
pic
3 Few

DÖWREBAP TEHNIKADAN PEÝDALANÝARLAR

?Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň suw desgalaryny arassalamak üçin ýöriteleşdirilen enjamlar toplumynyň esasyny ýokary öndürijilikli döwrebap enjamlar düzýär. Olaryň arasynda dünýä belli «IHC Beaver» kysymly on sany läbik sorujy enjamlar bar. Suw howdanlarynyň düýbündäki çökündileri aýyrmak, toprak çykarmak, akaryň düýbüni çuňaltmak we beýleki wezipeler üçin niýetlenen bu ýüzýän enjamlar ygtybarlylygy, ýokary netijeliligi we ýerli iş şertlerine laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Güýç...

DOWAMY
pic
3 Few

HORMATLY PREZIDENTIMIZ PEKINDE GEÇIRILJEK XXIV GYŞKY OLIMPIÝA OÝUNLARYNYŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞAR

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji fewralda Pekinde geçiriljek XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar. Döwlet Baştutanymyz bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň iri neşirleriniň we teleýaýlymlarynyň wekillerine beren interwýusynda aýtdy. Milli Liderimiz bilen guralan sowal-jogap söhbetdeşligine Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi, hanym Ýuý Sýaoşuan gatnaşdy. «Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiadanyň açylyş dabaras...

DOWAMY
pic
2 Few

TÜRKMENISTAN WE ERMENISTAN: SAZLARYŇ BIRLEŞMEGI

Ýakynda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky degişli güwanamanyň asyl nusgasy gelip gowuşdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy milli halk aýdym-sazynyň döredijiliginiň dünýä halklarynyň arasynda meşhurlygyny täzeden nygtamagy maksada laýyk hasaplaýar. Meselem, 2019-njy ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 295 ýy...

DOWAMY
pic
2 Few

HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ IRI NEŞIRLERINIŇ WE TELEÝAÝLYMLARYNYŇ WEKILLERINE INTERWÝU BERDI

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ozaldan gelýän we ygtybarly hyzmatdaşy bolan Hytaý Halk Respublikasynyň birnäçe teleýaýlymlarynyň we abraýly metbugat serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Milli Liderimiz bilen guralan sowal-jogap söhbetdeşligine Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat attaşesi, hanym Ýuý Sýaoşuan gatnaşdy. Hytaýyň belli teleýaýlymlarynyň we köp millionly okyjylary bolan metbugat serişdeleriniň wekilleriniň...

DOWAMY