SOŇKY HABARLAR
GDA-NYŇ WEKILLERI 2022-NJI ÝYL MEÝILNAMALARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞARLAR
GDA agza ýurtlaryň Arkalaşygyň esasy we beýleki edaralaryndaky hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşi, özüniň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde geçirer. Oňa Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew gatnaşar. Mejlise gatnaşyjylar Gazagystan Respublikasynyň 2022-nji ýylda GDA-da ýolbaşçylyk konsepsiýasy we onuň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreler meýilnamasyny, GDA-...
ET ÖNDÜRMEKDE ÝETILEN SEPGITLER
Lebap welaýatynyň telekeçileri tamamlanan 2021-nji ýylyň dowamynda 323 tonnadan gowrak et öndürdiler. Bu görkeziji ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende iki esseden artyk bolup, 164 tonna ýakyn etiň köp öndürilendigini görkezýär. Munuň özi, bu ulgamda işleriň talabalaýyk gurnalyp, ilaty ýokary hilli et önümleri bilen üpjün etmeklige telekeçileriň saldamly goşant goşandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Diňe dekabr aýynda öndürilen etiň mukdarynyň 42 tonnadan geçmekligi bolsa, welaýatyň ýaşaýjylarynyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BEÝIK BRITANIÝANYŇ WE DEMIRGAZYK IRLANDIÝANYŇ BIRLEŞEN PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Lýusia Uaýldy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýän Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk...
TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: MILLETIŇ AŇ-PAÝHAS KUWWATYNY ARTDYRMAGA GÖNÜKDIRILEN HYZMATDAŞLYK
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda Garaşsyz döwletimizde medeniýetiň, edebiýatyňdyr sungatyň gülläp ösmegi üçin hem ähli şertleriň döredilýändigini, milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, olaryň öz ajaýyp miwelerini berýändigini belläp, ýaňy-ýakynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl me...
TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNDA ŞANLY SENELER
2022-nji ýylda Türkmensitanyň dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýanyna 30 ýyl dolýar, ol garaşsyz döwlet hökmünde onuň halkara (hukuk subýekti) derejesinde ykrar edilmegidi. Diplomatik gatnaşyklar özygtyýarly döwletler we halkara hukugynyň beýleki subýektleri bilen resmi gatnaşyklary amala aşyrmagyň esasy görnüşi bolup hyzmat edýär. 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ilkinji boluhp ýola goýan döwlet Hytaý Halk Respublikasydy...
TÜRKMENISTANDA EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA BENZIN ÖNDÜRILÝÄR
Nebit we gaz öndürýän ýurtlaryň nebit-himiýa önümçiligini döretmek arkaly öz ykdysadyýetlerini diwersifikasiýa etmegi bütin dünýäde giň gerim bilen ýaýbaňlanýan işdir. Diňe soňky ýyllarda «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» täze önümçilik toplumlarynyň, Gyýanly polimer zawodynyň we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy ýaly uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirildi. Uglewodorod çig malyny gaýtadan ymykly işleýän bu kärhanalaryň hemmesi innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyry...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY GEPLEŞIK
Şu gün, 10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geçen ýylyň dekabrynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen, GDA-nyň resmi däl Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegini ara alyp ma...