img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
25 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Saparynyň birinji güni Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Bu ýerde Döwlet ýolbaşçylary naýbaşy ahalteke bedewlerine syn etdiler. Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ajaýyp çykyşlaryna tomaşa et...

DOWAMY
pic
25 Okt

TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 43-SI HASABA ALYNDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Şweýsariýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Maltanyň, Panamanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, binýatlyk ýagy, gurluşyk nebit bitumyny, polipropileni satyn aldylar. Tehniki kükürt Singapuryň işewür toparlarynyň wekill...

DOWAMY
pic
25 Okt

TÜRKMEN DILI — MILLI MEDENIÝETIŇ BAŞ BAÝLYGY

Türkmen dili türki dilleriň arasynda iň baý dilleriň biridir. Muňa halk döredijiliginiň ajaýyp nusgalary bolan köpsanly ýazuw ýadygärlikleri-de şaýatlyk edýär. Türkmen edebiýatynyň naýbaşy eserleri bolan «Görogly» we «Gorkut ata» şadessanlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem Gündogaryň beýleki halklarynyňam bibaha baýlygydyr. Diňe bir milli edebiýatyň nusgawy şahyrlary däl, eýsem alys Müsürden şahyr Saif Saraýi hem türkmen dilinde eser döredipdir. Onuň «Gülistan – bit türki» («Türkçe Güli...

DOWAMY
pic
25 Okt

GUŞLARYŇ MEKANY

Türkmenistanyň demirgazygynyň goragly suwly ýerleri ötegçi guşlaryň halaýan gonalgasydyr. Muňa sebitiň köllerine iş saparyny geçiren Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň işgärleri ýene bir gezek göz ýetirdiler. Bu gezek Sarygamyş, Zeňňibaba köllerinde we «Altyn asyr» Türkmen kölünde «Gyzyl kitaba» girizilen guşlaryň sanynyň artmagy olary has-da begendirdi. Olaryň arasynda seýrek duşýan owadan ördek – gorçy, gyzylbaş, gara ördek, buýraly we gyzgylt gotan hem-de beýleki guşlar bar. Ýyly howadyr suw...

DOWAMY
pic
24 Okt

24-NJI OKTÝABR- BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ HALKARA GÜNI

1945-nji ýylyň 24-nji oktýabry Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen senesi bolup, bu sene her ýyl guramanyň agzasy bolan ýurtlarda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara güni hökmünde giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu halkara baýramçylyk biziň ýurdumyzda hem bellenilip geçilýär. Bu gurama dünýäde parahatçylygy, erkinligi, azatlygy, döwletleriň biri-birine bolan ynamyny ösdürmek maksady bilen döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda B...

DOWAMY
pic
24 Okt

BALKAN WELAÝATYNDA DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASYNYŇ TÄZE BINASY DABARALY AÇYLDY

23-nji oktýabrda Balkan welaýatynyň merkezinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary S.Berdimuhamedow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň, degişli düzümleriň, kärhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, gurluşykçylar, medeniýet...

DOWAMY
pic
24 Okt

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ HALKALAÝYN ENERGIÝA ULGAMYNYŇ BIRINJI TAPGYRYNY IŞE GIRIZMÄGE BADALGA BERDI

23-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisini işe girizmek dabarasyna gatnaşdy. Elektrik geçirijiniň gurulmagy ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan iri möçberli taslamanyň birinji tapgyrydyr. Onuň baş maksady ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energoulgamlaryny bitewi...

DOWAMY