img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Okt

TOMAŞAÇYLARA TÄZE KINOFILMLER HÖDÜRLENILÝÄR

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» Birleşigi tarapyndan «Çapar» we «Sähra aýdymy» atly çeper kinofilmler surata düşürildi. Olaryň premýerasy ýakyn günlerde bolar. Režissýor Wepa Işangulyýewiň «Çapar» atly taryhy filmi XVIII asyryň wakalaryny beýan edýär. Onuň baş gahrymany türkmen hökümdarynyň tabşyrygy bilen uzak ýola rowana bolýar. Ol ençeme synaglary başdan geçirýär... Kinofilm ýurdumyzyň owadan taryhy sebitlerinde, tebigatymyzyň özboluşly künjeklerinde surata düşürildi. Wepa Işangulyýew...

DOWAMY
pic
16 Okt

IÝM TAÝÝARLAMAK IŞI ÜSTÜNLIKLI DOWAM EDÝÄR

Daşoguz welaýatynda mallaryň ýitgisiz gyşlamagy üçin, iým taýýarlamak işi üstünlikli dowam edýär. Mallaryň gyşda dok bolmagyna diňe olaryň gyşdan ýitgisiz çykmagy däl, eýsem soňundan köpelmegi hem baglydyr. Şonuň üçin bu sebitde iým tetärigini görmegiň guramaçylykly amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Munuň üçin bu ýerde wagtlaýyn iş toparlary döredilipdir, olar ot ormak, ýygnamak we daşamak üçin zerur bolan ýöriteleşdirilen enjamlary netijeli ulanýarlar. Daýhan birleşiklerinde we gara mal...

DOWAMY
pic
15 Okt

OBA HOJALYK WE DAŞKY GURŞAWY GORAMAK MINISTRLIGINE TRAKTORLAR HEM-DE KOMBAÝNLAR ÜÇIN ÄTIÝAÇLYK ŞAÝLARYNY SATYN ALMAK BARADA DEGIŞLI DAŞARY ÝURT KOMPANIÝALARY BILEN ŞERTNAMA BAGLAŞMAGA YGTYÝAR BERILDI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine sürüm we bejergi traktorlary hem-de pagta ýygýan kombaýnlar üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp...

DOWAMY
pic
15 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ ALTYN ASYRY» ATLY BAÝRAGYNY ALMAK UGRUNDAKY BÄSLEŞIGI GEÇIRMEK ÜÇIN KARARA GOL ÇEKILDI

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny, şeýle hem berkarar döwletimizde amala aşyrylýan tutumly işleri, merdana halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, milli däp-dessurlaryny, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berý...

DOWAMY
pic
15 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI 2022-NJI ÝYL ÜÇIN DÖWLET BÝUJETINIŇ TASLAMASYNY TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ BAŞLYGYNA GARAMAK ÜÇIN IBERDI

“Býujet ulgamy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty, şeýle hem “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamalaryny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygyna garamak üçin iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny...

DOWAMY
pic
15 Okt

MERW - ORTA ASYRLARDA BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ UGRUNDA ÝERLEŞEN ŞÄHER

Merw XII asyrda pajarlap ösen döwründe Aziýanyň iri şäherleriniň biri bolupdyr.1194-nji ýyla çenli ol günbatar Antaliýadan we Lewantdan gündogarda Hindiguşa, Merkezi Aziýadan günortada Pars aýalygyna çenli ummasyz ýeri eýelän Seljuklar soltanlygynyň gündogar paýtagy bolupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Merw ençe asyrlar gülläp ösüpdir, meşhur megapolis bolandan soň alys sebitlerdenem alymlardyr syýahatçylary özüne maýyl edipdir. Bu ýerde tanymal orta asyr alymlarynyň ençemesi işl...

DOWAMY
pic
15 Okt

TÜRKMENISTAN – DERMANLYK ÖSÜMLIKLERIŇ MEKANY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany» ady bilen Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň ХIII jilti bilen tanyşdyryş dabarasy boldy. Çärä ýurduň esasy biologlary, ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we paýtagtymyzdaky ýerleşýän muzeýleriň işgärleri gatnaşdylar. Çykyş edenler ylm...

DOWAMY