SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-RUS ÖZARA HEREKETLERINIŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar rus wekiliýetiniň Türkmenistana nobatdaky saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigine şaýatlyk edýändigini belläp geçdiler. Şu nukdaýnazardan, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de mede...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HATYRA GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRELERE GATNAŞDY
Şu gün — Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatlaýarlar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Hakyda halkyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Bu nesilleriň arasyndaky arabaglanyşyk bolup, durmuşy aýratyn çuň many-mazmuna eýe edýär, geçmişe nazar aýlap, geljege ynamly garamaga mümkinçilik berýär. Ge...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINI GUTLADY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Kisida Fumio Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanylmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla ediljekdigine berk yna...
SYÝASAT WE JEMGYÝET: DÖRETMEGIŇ WE ÖSÜŞIŇ MAKSADY BIRDIR
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-nazaryýet žurnalynyň 8-nji sany çapdan çykdy. Žurnalda çap edilen makalalaryň özenini düzýän sowal-jogap, seljeriş we statistiki maglumatlar milli Liderimiziň köpugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny şöhlelendirýär. Ýylda bir gezek çapdan çykýan žurnalda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça t...
73 ÝYLDAN SOŇ: ÝERLI WAGT BILEN 1 SAGAT 12 MINUT 5 SEKUNT
Türkmenistanyň Döwlet medeniýetr merkeziniň Döwlet muzeýinde «Mukaddes hatyra» ady bilen sergi açyldy. Ol TASS-yň ýer titremesi hakda eksponat görnüşinde habaryndan başlanýar: «1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryna geçilýän gije TSSR-iň Aşgabat şäheriniň töwereginde güýji 9 ball ýer titremesi boldy. Aşgabat şäherinde köpsanly weýrançylyklar bar. Ýer titremesi zerarly ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi weýran boldy, köp sanly adam pidalary bar...» TASS-yň habary dünýäni elendirdi. Ol adamlarda duýgy...
AŞGABAT ÝER TITREMESI – SURTKEŞLERIŇ ESERLERINDE
Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan žiwopis we heýkeltaraşlyk işleriniň sergisi açyldy. Bu elhenç tebigy hadysadan bäri 73 ýyl geçse-de, bu tema türkmen nakgaşlaryny tolgundyryp gelýär. Serginiň merkezinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Juma Jumadurdynyň Aşgabat ýer titremesine bagyşlap döreden heýkeli goýlupdyr. Topraga meňzeş goýy-goňur reňkde ýasalan heýkel Aşgabadyň başyna düşen betbgatlygy görkezýär....
TELEKEÇILER ÝURDUŇ EKSPORT MÜMKINÇILIGINI ÖSDÜRÝÄRLER
Watanymyzyň ykdysadyýetiniň hususy telekeçiligiň ösüşi işewürligiň jemi içerki önüme we döwletimiziň büjetine goşandyny artdyrmaga, ilatyň iş bilen üpjün edilmegi, eksportyň ösdürilmegi, şeýle hem import harytlaryň öwezini tutmagy bilen baglanyşykly möhüm milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine alyp barýar. Häzirki zaman tehnologiýalara we iň täze enjamlara esaslanýan täze önümçilikleri döredýän hususy telekeçiler diňe bir içerki bazarda öz ornuny tapmaga däl, eýsem daşary ýurtly hyzmatdaşlar...