SOŇKY HABARLAR
Gahryman Arkadagymyz Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy mähirli garşylady. Belent mertebeli myhmana gül desseleri gowşurylyp, milli däp-dessurlarymyza laýyklykda duz-çörek hödür edildi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň gysgaça ikiçäk duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabada gelip gonan uçardan düşen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi mähirli garşylady. Goňşy ýurduň Baştutanyna gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň gysgaça ikiçäk duşuşygy boldy. Söhbetdeşler duşuşmaga dörän nobatdaky mümkinçilige tüýs ýürekden begenýändiklerini beýan edip, munuň özara gatnaşyklaryň depginli ösd...
Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany mähirli garşylady. Belent mertebeli eýranly myhmana ter gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Soňra howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen otagynda türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasy...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony mähirli garşylady. Dostlukly ýurduň Baştutanyna gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Prezident Emomali Rahmonyň gysgaça ikiçäk duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip...
Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi garşylady. Myhmana gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Soňra bu ýerde Gahryman Arkadagymyz bilen Gazagystanyň döwlet Baştutanynyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Ber...
Türkmen halykynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmen halykyny Milli Lideri Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany mähirli garşylady. Belent mertebeli myhmana gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Soňra Türkmen halykyny Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň gysgaça ikiçäk duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ir...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ilham Aliýew mähirli salamlaşyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny, Türkm...