SOŇKY HABARLAR
WATAN HARMANYNA – GALLA AKYMY
Mary welaýatynyň meýdanlarynda bugdaýyň köpçülikleýin oragy ýaýbaňlanýar. Orak döwründe işe çekilen kombaýnlaryň sanyna görä, olar 507 sany bolar. Bilermenler olaryň her biriniň möwsümiň dowamyda 350 gektara golaý meýdanyň hasylyny ýygmalydygyny kesgitläpdirler, bu bolsa dünýä boýunça oba hojalyk tehnikasyny öndürijileriň häzirki zaman enjamlarynyň öndürijilik ukybyna laýyk gelýär. Oňat tehniki üpjünçilik, berk bejergi bazasy ýygymyň ýokary depginde geçjekdigini kesgitleýär. Gallaçylary saldamly...
MUZEÝ SERGÄ ÇAGYRÝAR
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan sergi açyldy. «Ylym – adamzadyň baýlygydyr» atly serginiň merkezi böleginde muzeýiň hat çeşmeleri arhiwinden tematiki fotosuratlar goýlupdyr. Onda ýurdumyzyň ylmyna saldamly goşant goşan ajaýyp alymlaryň portretleri bar. Bu ýerde XX asyrda arheologiýa, paleontologiýa, etnografiýa, geologiýa, biologiýa ylymlarynda ylmy ekspedisiýalar we barlaglar barada gürrüň berýän özboluşly doku...
HIMIÝAÇY ALYMLARYŇ DÖREDIJILIK MÜMKINÇILIGI
Türkmenistanyň himiýaçy alymlary mineral, gidromineral we uglewodorod çig malyny toplumlaýyn gaýtadan işlemek, ýurduň ylym edaralary we ýokary okuw mekdepleri, şeýle hem Türkmenistanyň himiýa senagaty üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ylmy hem-de tehnologik işleri ýerine ýetirýärler. Himiýa institutynyň bölümleriniň we laboratoriýalarynyň ählisi 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan hojalyk hasaplaşygyna geçdi. Geçirilen işleriň netijesinde uly möçberde ylmy-barlag we maglumatla...
TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystanyň, Maltanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, gazagystanly, gyrgyzystanly telekeçiler daşary ýurt puluna gazbeton böleklerini we b...
KAZANDA GEÇIRILJEK TÜRKI HALKLARYŇ «NAURUZ» XV HALKARA TEATR FESTIWALYNDA TÜRKMENISTANLYLARA GARAŞÝARLAR
6-njy iýundan 11-nji iýun aralygynda Kazanda türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwaly geçiriler. Onda Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, şeýle hem Russiýanyň milli respublikalaryndan teatrlaryň 28-si çykyş eder – diýip kazan.aif.ru habar berýär. «Festiwalyň şu ýyl Tatarystan Respublikasynda Prezident Rustam Minnihanowyň yglan eden Ene diller we milli agzybirlik ýylynda geçirilmegi bilen tapawutlanýar. Türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara te...
6-NJY IÝUN BMG-DE RUS DILINIŇ GÜNI WE BEÝIK RUS ŞAHYRY A.S. PUŞKINIŇ DOGLAN GÜNI
Beýik rus şahyry A.S. Puşkiniň doglan güni bolan 6-njy iýunda köp dilliligi we medeni köpdürlüligi goldamak hem-de ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde BMG-de Rus diliniň güni bellenilýär. Bu maksatnamanyň esasy maksatlarynyň biri – BMG-de alty resmi diller bolan : iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dilleriniň deňhukuklylygyny goldamakdyr. ÝUNESKO-nyň başlangyjy bilen her ýylyň 21-nji fewralynda bellenilýän Ene diliň halkara gününiň öň ýanynda Jemgyýetçilik habarlary departamenti (häzir...
DOSTA WEPALYLYGYŇ, ŞÄHDAÇYKLYGYŇ, NEPISLIGIŇ WE AKLYŇ MUŞDAGY
Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň doglan gününiň 222 ýyllygyna bagyşlap A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry bolan wakalar esasynda diýen özüne çekiji takyklama bilen «Dostlar, ne ajap biziň jemligimiz!» atly täze spektakl taýýarlady. Adyndan belli bolşy ýaly, ol beýik şahyryň liseýde okan döwrüne bagyşlanypdyr. Pýesanyň awtory we ony goýan režisýor – Türkmenistanyň at gazanan artisti Natalýa Laukert. Spektaklyň ähli wakalary imperatoryň goldawynda bolan aýratyn hukukly Sarskoýe selo lise...