img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINI KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilowy kabul etdi. Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň tüýs ýürekden salamyny hem-de şanly wakalar, şol sanda türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy we Türkmenistanyň Prezidentiniň örän gyzykly hem-de möhüm bolan eserleriniň — ajaýyp Aşgaba...

DOWAMY
pic
26 Maý

TÜRKMEN LIDERINIŇ ADYNA GUTLAG HATY GELIP GOWUŞDY

Onuň Alyhezreti,  Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli mähirli we tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Siziň şahsy tagallalaryňyz netijesinde doganlyk Türkmenistanyň paýtagty ýurduň sazlaşykly ösýän iri senagat, ylym we medeni merkezine hem-de diňe Orta Aziýanyň däl-de, eýsem, tutuş dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Gaýtalanmajak tebi...

DOWAMY
pic
26 Maý

GRUZIÝANYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK WEZIPESINI TAMAMLAÝAR

2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuka Murjikneli bilen duşuşygy geçirildi. Diplomatlar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar, söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňledirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şeýle-de halkara guramalaryň çäklerindäki işiň oňyn tejribesi barada aýratyn belläp geçdile...

DOWAMY
pic
26 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Aşgabatda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Saud Arabystany Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Halid bin Faýsal Al-Sahli bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ministr türkmen-saud gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan ähmiýetli şahsy goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça meseleleri ara aly...

DOWAMY
pic
26 Maý

ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI IŞ SAPARY BILEN TÜRKMENISTANA GELDI

2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky özbek wekiliýeti iş sapary bilen Aşgabada geldi. Saparyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Soňra ikitaraplaýyn resminamalara, ýagny Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikas...

DOWAMY
pic
26 Maý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DURNUKLY ÖSÜŞ ÜÇIN GAZYLYP ALYNÝAN SENAGATY ÖZGERTMEK BOÝUNÇA ÄHLUMUMY “TEGELEK STOLDA” ÇYKYŞ ETDI

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow durnukly ösüş üçin gazylyp alynýan senagaty özgertmek boýunça ählumumy “tegelek stolda” çykyş etdi. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlyklyk etmeginde wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirildi. Duşuşyga birnäçe döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, ministrler, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, seljeriş merkezleriniň bilermenleri, hususy pudagyň we r...

DOWAMY
pic
26 Maý

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI TUNIS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi I.Amanlyýew Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saide Türkmenistanyň Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ankara şäheri) özüniň ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saidiň adyna ýolla...

DOWAMY